«Gara altynly» guýularyň altysy ulanylmaga berildi

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň burawlaýjylary şu ýylyň üç aýynda gazuw işleri tamamlanan guýularyň altysyny nebitgaz çykaryjylara ulanmaga berdiler. Gazanylan bu zähmet üstünliklerinde «Goturdepe» we «Nebitdag» buraw işleri müdirlikleriniň burawlaýjylarynyň mynasyp goşantlary bar.

«Goturdepe» buraw işleri müdirliginiň burawlaýjylary tarapyndan şu ýylyň geçen üç aýynda Balkan welaýatynyň çägindäki känlerinde önümli guýularyň jemi 4-si nebitçilere ulanyşa berildi. Bu döwürde baýlyk gözleýjiler 12 müň 338 metr ýerasty çuňluk geçmegi başardylar. Şonça çuňlugyň 12 müň 260 metriniň ulanyş maksatly çuňluk bolmagy has-da buýsançlydyr. Ýakynda müdirligiň burawlaýjylary tarapyndan Goturdepe känindäki taslama çuňlugy 2600 metr bolan 1807-nji guýynyň 2534-2335,5 metr çuňlugyndan ýangyç çig malynyň bol senagat akymy alyndy. Täze guýy tehniki-sazlaýyş işlerinden soň, «Goturdepenebit» nebitgaz çykaryş müdirliginiň nebitçilerine ulanyşa berildi. Ol guýy häzirki wagtda bir gije-gündizde 12 tonnadan gowrak «gara altynyň» senagat akymyny berýär.

«Nebitgazburawlaýyş» trestiniň «Nebitdag» buraw işleri müdirliginiň burawlaýjylary hem golaýda Goturdepe känindäki 1827-nji guýynyň gazuw işlerini üstünlikli tamamladylar. Taslama çuňlugy 1700 metr bolan bu guýyny buraw ussasy Şähermyrat Aşyrow tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän burawlaýjylar topary öz wagtynda gazmagy başardy. Nebitçilere ulanyşa berlen bu guýy bir gije-gündizde «gara altynyň» 17 tonnasyny berýär.

Yslam ZIÝAÝEW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Himiýa tehnologiýasy we ekologiýa fakultetiniň
Nebiti we gazy gaýtadan işlemegiň himiki
tehnologiýasy hünäriniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok