Açyk asman astyndaky gala syýahat

Ýañy ýakynda HGI-de (Halkara gatnaşyklar institutynda) hereket edýän Ýaş diplomatlar mekdebiniň agzalarynyň gatnaşmagynda 2007-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna kabul edilen Nusaý galalaryna gezelenç gurnaldy. Gezelenjiň dowamynda halypa mugallymlar ýaşlara gadymy döwürde Parfiýa döwletiniň diplomatik gatnaşyklary, däpleri, alyp baran söweşleri barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçysy Dilber Gurbanowa: “ Ine biz bu gün Ýaş diplomatlar mekdebiniň agzalary bilen Nusaý galalaryna gezelenje geldik. Bu ýerde halypa mugallymlar bize Nusaý galalary barada gyzykly gürrüňleri berdiler. Esasan hem, bu gezelençde meniň üçin täsirli ýeri Täze Nusaý galasy boldy. Sebäbi Täze Nusaý galasy Köne Nusaýdan hem müň ýyl ozal gurlupdyr. Mundan başga-da Nusaý atlarynyň meşhurlygy meni buýsandyrdy. Çünki şol döwürlerde Nusaý atlary Parfiýa şalarynyň ýörişlerinde uly güýç hasaplanypdyr. Muňa mysal edip, Mitridat I birnäçe söweşlerde Nusaý atlarynyň kömegi bilen ýeňiş gazanmagy aýdyň şaýatlyk edýär ” diýip, ýürek buýsançlaryny beýan etdi.

Belläp geçsek, Ýaş diplomatlar mekdebiniň esasy maksady watansöýüji ýaşlary ýetişdirmek we terbiýelemek, geljekki ykbalyny diplomatiýa we halkara gatnaşyklary ugrundan hünärmen bolmaga bagyşlajak aýratyn zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olarda daşary ýurt dillerini kämil öwrenmäge höwes döretmek bolup durýar.

Hojaberdiýewa Orazjamal,

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen

milli diller dünýä institutynyň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok