Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň taryhy wakalary, beýik ösüşleri ýurdumyzyň ägirt uly ykdysady kuwwatynyň möhüm görkezijisi bolup, ol Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan işleriň, halkymyzyň abadan durmuşynyň, diýarymyzyň gülläp ösüşiniň üpjün edilmegine gönükdirilen giň möçberli özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň beýanydyr. Ýurdumyzyň dünýä bileleşigine işjeň goşulyşmagy, häzirki zaman halkara ölçeglere laýyk gelýän desgalaryň gurulmagy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Alnyp barylýan bilim özgertmeleriniň çäklerinde berilýän bilimiň hiliniň döwrüň talaplaryna laýyk gelmegine uly üns berlip, häzirki zamanyň ösen tejribesi hem-de täzeçil usullary ornaşdyrylýar. Watanymyzyň, sebitiň we tutuş dünýäniň abadançylygynyň hem-de durnukly ösüşiniň bähbidine gönükdirilen möhüm taslamalaryň amala aşyrylmagy halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna uly täsir edýär. Şeýle-de azyk bolçulygyny ýola goýmak, oba hojalyk pudagynyň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak, olaryň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça zerur çäreler görülýär, obasenagat toplumyna öňdebaryjy tehnologiýalary, suw tygşytlaýjy usullary giňden ornaşdyrylýar. Telekeçilik ulgamynda hem täze önümçilikleri döretmek, olaryň kuwwatlyklaryny artdyrmak hem-de hususy işewürligi höweslendirmek möhüm talapdyr. Bular bilen birlikde, ylym-bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport ulgamlaryndaky meselelere hem aýratyn üns berilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipelerini nazara almak bilen, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň işini döwrüň talabyna laýyk ýagdaýda alyp barmak, olaryň kuwwatlyklaryny artdyrmak, ýurdumyzyň senagat toplumynyň, energetika ulgamynyň, ýangyç-energetika toplumynyň düzümleriniň işiniň depginini ýokarlandyrmak, gaýtadan işleýän senagatyň kuwwatlyklaryny artdyrmak, şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini ösdürmek meselelerine möhüm ähmiýet berilýär.
Täze Galkynyşyň bady bilen nurlanýan Garaşsyz hem Bitarap Diýarymyzda Hormatly Prezidentimiziň saýasynda ekologiýa abadançylygyny ýola goýmaklyga döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde uly üns berilýär. Bu ugurda daşky gurşawa aýawly çemeleşmek, gözel tebigatymyzyň bezegi bolan ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak, tebigy baýlyklary rejeli ulanmak, ýer-suw serişdelerini netijeli peýdalanmak, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, çölleşmäge garşy göreşmek boýunça möhüm başlangyçlar alnyp barylýar. Umuman, Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan öňdengörüjilikli döwlet syýasaty netijesinde, ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça möhüm wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy ata Watanymyzy rowaçly ösüşlere besleýär.
Orazmuhammet AWEZOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň 2-nji ýyl talyby.
Teswirler