Oba hojalyk pudagynyň ösüşleri barha artýar

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň ykbalynda möhüm ähmiýete eýe bolan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Arkadagly Serdarymyzyň öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň netijesinde halk hojalygynyň ähli ugurlarynda ajaýyp üstünlikler gazanylýar. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň çäklerinde milli ykdysadyýetimiziň her bir pudagyny ösdürmek babatdaky wezipeleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmegi ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösdürilmegini we halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, şol sanda durmuş goraglylygyny pugtalandyrmak, raýatlarymyzyň iş üpjünçiligi ulgamyny kämilleşdirmek esasy maksatlaryň hatarynda kesgitlenilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň makroykdysady durnuklylygyny berkitmek we ykdysady kuwwatyny artdyrmak bilen, oba hojalyk pudagyny ylmyň täze gazananlary esasynda barha kämilleşdirmek ileri tutulýan wezipeleriň hataryndadyr. Şunuň bilen birlikde, obasenagat toplumyny has-da ösdürmegiň esasynda milli ykdysadyýeti senagatlaşdyrmagyň derejesini ýokarlandyrmaga, pudagyň okgunly ösüşini üpjün etmäge, oba hojalygynda sanly tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmaga, innowasion senagaty ösdürmäge, pudakda önümçiligiň we ylmyň özara baglanyşygyny pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Toplumda önümleri gaýtadan işlemek we taýýar önümleri öndürmek boýunça kärhanalaryň önümçilik kuwwatyny doly işe girizmek, eksport ugurly toplumlaryň kuwwatyny artdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän azyk harytlarynyň ornuny tutýan önümleriň çykarylyşyny ýokarlandyrmak üns merkezinde durýar. Kämil innowasion tehnologiýalara daýanýan oba hojalyk pudagyna maýa goýumlaryň artdyrylmagyna hem uly üns berilýär. Ýurdumyzyň geoykdysady we geosyýasy ýagdaýyndan peýdalanmak, ekologik abadançylygy goldamak hem-de «ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmek bu pudagyň öňe ilerlemegine şert döredýär.

Döwletimiziň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, maldarçylygyň mümkinçiliklerini giňeltmek, mallaryň we guşlaryň baş sanyny artdyrmak boýunça anyk çäreleri durmuşa geçirmek meýilleşdirildi. Şeýle-de ahalteke bedewleriniň we türkmen alabaýlarynyň sanyny artdyrmaga hem aýratyn ähmiýet berilýär.

Bular bilen birlikde, pudagyň döwlete dahylsyz ulgamyny goldamak we onuň ykdysadyýetdäki paýyny artdyrmak, kiçi we orta telekeçiligiň işiniň gerimini giňeltmek we öndürilýän oba hojalyk önümleriniň möçberini artdyrmak, döwrebap ýyladyşhana toplumlaryny gurmak arkaly ak bazarlarymyzy ýylyň islendik möwsüminde dürli azyk önümleri bilen üpjün etmek öňde durýan işleriň möhüm ähmiýetli ugurlary hökmünde kesgitlenilýär.

Selim NURMUHAMMEDOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok