Melhemleriň öndürilişi barha artýar

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň sebitlerdäki kärhanalarynda şypaly melhemleri taýýarlamakda netijeli işler alnyp barylýar. Şolaryň biri-de Balkan welaýat merkezi Balkanabat şäheriniň Jebel şäherçesindäki Bejeriş palçyklaryny we deňiz duzuny gaplaýan kärhanasydyr.

Kärhana 2014-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda işe girizilip, şol döwürden bäri melhem palçyklaryny, deňiz duzuny öndürmekde köp öňegidişlikleri gazandy. Kärhana her ýylda terapewtiki we kosmetiki önümleriň 400 müň gabyny, şol sanda dünýä belli Mollagara palçygynyň 200 müň gabyny, wulkan palçygynyň we deňiz duzunyň hersinden 100 müň gabyny öndürmeklige niýetlenendir.

Şeýle-de kärhana üç sany esasy bölümden-bejeriş palçyklaryny, deňiz duzuny gaplaýan hem-de hil barlag bölümlerinden ybarat bolup, olarda işler ýokary derejede guralypdyr. Bu ýerde Italiýa, Türkiýe, Ýaponiýa, Belgiýa, Fransiýa ýaly döwletlerden getirilen dürli görnüşdäki kuwwatly, kämil enjamlar işledilýär.

Palçyklar iki topara-gyrmança we wulkan palçyklaryna bölünýär. Gyrmança palçyklary boýunça Mollagara köli diňe biziň ýurdumyzda däl, eýsem bütin dünýäde hem meşhurdyr. Soňky ýyllarda bolsa Mollagara palçygynyň kosmetologiki häsiýetleri öwrenildi we onuň deri üçin juda giň ýaramly täsirleriniň bardygy anyklandy. Ol deride öýjük täzeleýji we gurplandyryjy, derasty gan aýlanyşygyny kadalaşdyryjy, ýüze näziklik beriji hem-de derini täzeleýji häsiýetleri ýüze çykarýar.

Ýeri gelen-de belläp geçsek, kärhana ýakyn geljekde derde derman şeýle önümleri daşary ýurtly sarp edijilere ibermegi  meýilleşdirýär.

Leýla JOMARTOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok