Halkara Nowruz güni mynasybetli täze awtobus ugry ýola goýuldy

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän Nowruz ýaýlasynda geçiriljek çärelere gatnaşmagy nazarda tutup, täze awtobus gatnawy ýola goýuldy. Bu barada «Türkmenawtoulaglary» agentligi habar berýär.

18-nji martdan başlap, täze 72-nji belgili ýolagçy awtobusy «Awtokombinat — Türkmeniň ak öýi» gatnaw ugry boýunça gatnap başlar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok