Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän beýik işler halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyna gönükdirilendir. Şunda ýaşlara bilim we terbiýe bermek, olaryň kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri hakynda alada esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Şonuň üçin hem ähli ugurlar bilen bir hatarda, bilim ulgamy hem ýokary depginler bilen ösýär. Bilim ulgamyny kämilleşdirmek ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Ulgamyň işini döwrüň talaplaryna laýyklykda özgertmek boýunça amala aşyrylýan giň gerimli maksatnamalaryň çäklerinde sanly tehnologiýalar uly orun eýeleýär.
Bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy ugrunda durmuşa geçirilýän işler ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda ýurdumyzda sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanylýar. Sanly bilim ulgamynyň öňde goýýan wezipeleriniň durmuşa geçirilmegi okatmak işinde birnäçe ýeňillikleri döredýär hem-de işiň netijeliligini artdyrýar.
Ulanylýan sanly serişdeler, elektron maglumat göterijiler, wideoşekiller we audio ýazgylar talyplaryň has giň möçberdäki maglumaty özleşdirmegine ýardam edýär, ýagny, maglumat birbada görüş we eşidiş ýollary arkaly kabul edilýär. Şeýle-de bu mümkinçilikler ýaşlaryň dünýä jemgyýetiniň ösüşi bilen deň gadam urmagyna ýardam edýär. Mundan başga-da, ýaşlar internet tory arkaly dünýäniň okuw merkezleri bilen tanşyp durýarlar. Bu bolsa milli bilim ulgamynyň halkara tejribesiniň esasynda kämilleşdirilýändigini aňladýar. Şonuň netijesinde döwrebap bilimlerden baş çykarýan ýaş hünärmenleriň täze nesli kemala gelýär. Ussat hünärmenleriň sanynyň artmagy bolsa, ýurduň kuwwatynyň barha berkemegine alyp barýar.
Merjen MYRATBERDIÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler