Bagtyýar ýaşlaryň ýyly

Her bir güni taryhy wakalara beslenýän Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe agzybirligi, jebisligi ýaran edinip, halal zähmetden rysgal-bereket tapmagyň nusgasyny görkezýän halkymyz eşretli durmuşyň hözirini görýär. Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen durmuşa geçirilýän işler halkymyzyň şu günki bagtyýar durmuşynyň röwşen ertirlerde dowamat-dowam boljakdygynyň aýdyň nyşany bolup dabaralanýar.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyz Watana bolan beýik söýgä ygrarly, ynsanperwerligi, hoşniýetliligi, dostlugy özüne ýörelge edinen ýaşlarymyzyň ykbalynda uly orun aljak taryhy wakalara beslenýär. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilen 2023-nji ýylda ýaşlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny gazanmak, olaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramagy, döwrebap bilim almaklaryny üpjün etmek, ýaş nesilleri watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemek ýaly möhüm wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň hünärmenlerine we işjeň agzalaryna uly jogapkärçilik düşýär.

Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň mylaýym baharynyň ilkinji aýynda «Ýaşlara gutlag» atly ajaýyp şahyrana eserini döretmegi göwün guşumyzy ganatlandyryp, bizi täze üstünliklere ruhlandyrdy. Eýýäm ganatly aýdyma öwrülen bu goşgy türkmen toýlarynyň bezegini artdyryp, il-ulusymyzyň gyzgyn söýgüsini gazandy.

Ýaşlaryň döwrebap okamaklary, işlemekleri, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamaklary üçin ähli mümkinçilikleriň döredilen ýurdy, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň sahawatyndan nurlanan biziň jenneti mekanymyz, jan Watanymyz Türkmenistandyr. Biz — ýaşlar öz ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşandymyzy goşmaga çalyşmalydyrys.

Ülker MEREDOWA,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Himiýa tehnologiýasy we ekologiýa
fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok