Berkarar Watanymyzda badalga alan asylly işler diňe bir milli ykdysadyýetimiziň däl, ýurdumyzyň dünýä ýüzündäki at-abraýyny, özgerişlerini hem beýik ösüşlerini dabaralandyryp, dünýä ýaň salýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň ösüşini innowasion esasda ýola goýmak, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli gowulandyrmak babatda bitirilýän beýik işler her birimizi täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde gurulýan senagat-önümçilik desgalary, durmuş maksatly binalar, onlarça iri taslamalar boýunça ýetilen belent sepgitler, okgunly ösüşler halkymyzyň röwşen geljegine gönükdirilendir. Häzirki wagtda ýurdumyzyň makroykdysady görkezijileriniň sazlaşykly ösmegini üpjün etmek bu ugurda esasy wezipeleriň biri hasaplanýar. Şunuň bilen baglylykda, gaýtadan işleýän we taýýar önümleri öndürýän senagat pudaklaryny okgunly ösdürmek üçin gönükdirilýän maýa serişdeleriniň möçberi artýar. Şonuň netijesinde daşary ýurtlara iberilýän harytlaryň möçberidir görnüşleri ep-esli köpelýär. Pudaklaýyn we düzümleýin özgertmeleri amala aşyrmak, işjeň maýa goýum syýasatyny durmuşa geçirmek arkaly bäsdeşlige ukyply, ýokary netijeli maýa goýum ulgamyny döretmek esasy maksatlaryň biri hökmünde kesgitlenildi. Mundan başga-da, ykdysadyýete gönükdirilýän maýa goýumlaryň maliýe çeşmelerini kämilleşdirmek, hususy kärhanalary we olaryň serişdelerini ýurdumyzyň düýpli gurluşyk ulgamyna durnukly çekmegi ýola goýmak, düýpli maýa goýumlaryň ykdysady taýdan netijeliligini üpjün etmek boýunça anyk işler meýilleşdirildi. Şeýlelikde, ykdysadyýetiň esasy pudaklaryny ösdürmek, şol sanda bilelikdäki iri innowasion kärhanalary hem-de eksport ugurly, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän önümçilikleri gurmak, azyk üpjünçiligini gowulandyrmak, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde täze iş orunlaryny döretmek, ilatyň durmuş goraglylygyny üpjün etmek boýunça toplumlaýyn çäreleri maliýeleşdirmek göz öňünde tutulýar. Häzirki zaman şertlerinde ykdysady taýdan güýçli ösen döwletde ylmyň esasy orny eýeleýändigi aýdyň hakykatdyr. Bu bolsa ylmyň iň täze gazananlary bilen aýakdaş gidilmelidigini, täze ylmy açyşlaryň önümçilige çalt we netijeli ornaşdyrylmalydygyny, innowasion ykdysadyýeti kemala getirmäge döwlet derejesinde aýratyn uly üns berilmelidigini şertlendirýär.
Şeýle asylly başlangyçlara, uly gazanylanlara daýanyp, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirilmek bilen, eziz ýurdumyzyň galkynyşyň ýolunda bedew bady bilen öňe barýandygyny ynamly aýtmak bolar.
Gülşirin ÝAÝLYMOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Teswirler