Ekologiýa abadançylygyny berkarar etmegiň ýolunda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen belent maksatly işleriň ençemesi ýola goýulýar. Eziz Watanymyzda ýaş nesilleriň aňynda ekologik düşünjeleri, ekologik bilimi kemala getirmek barada ýurdumyzda yzygiderli alada edilýär. Täze önümçilik kärhanalarynyň gurluşygy, hereket edýän desgalaryň durkuny täzelemek, olary döwrebaplaşdyrmak işleri daşky gurşawa ýetirilýän zyýanyň öňüni almakda möhüm şert bolup çykyş edýär. Çünki ekologiýa abadançylygy, ekologiýa howpsuzlygy bagtyýar hem sagdyn ýaşaýşyň gözbaşydyr. Türkmenistan döwletimiz global ekologiýa meselelerini çözmegiň esasy ugurlary boýunça BMG-niň dürli halkara konwensiýalaryna goşulyp, olaryň işjeň agzasy bolup durýar. Dünýä ýüzünde ör boýuna galýan dürli ekologiki meseleleriň halkara hyzmatdaşlyk esasynda çözülmeginde dünýä döwletleriň jebisleşmegi hem-de bilelikde göreşmekleri esasy görkeziji hasaplanylýar. Ýurdumyzda Garagum sährasynyň çäginde «Altyn Asyr» Türkmen kölüniň döredilmegi hem diňe bir diýarymyzyň flora we fauna dünýäsine däl-de, eýsem tutuş Aziýa sebitiniň ekologiki ýagdaýyna täsir edýär. Ýurdumyzda daşky gurşawy goramak boýunça milli kanunçylygyň binýady yzygider berkidilýär we kämilleşdirilýär. «Türkmenistanyň milli Tokaý maksatnamasynyň» çäklerinde ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek babatda netijeli işler uly depginde ýola goýulýar. Bu bolsa diýarymyzda ekologiýa syýasatynyň mynasyp derejede durmuşa ornaşdyrylýandygyny äşgär edýär. Aýratyn hem ýaş nesillerde ekologiki medeniýeti, ekologik terbiýäni kemala getirmek we ösdürmek baradaky işlere hem-de tebigatyň goraglylygyna berilýän ünsi güýçlendirmek möhüm wezipeleriň biridir. Ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna, daşky gurşawyň arassalygyna gönükdirilen bu işleriň netijesinde ýaşyl bagy-bossanlyklar, ajaýyp tokaý zolaklary emele gelýär. Ýurdumyzda her ýyl geçirilýän köpçülikleýin bag ekmek çäreleri bolsa ekologiýa syýasatyna özboluşly goşant bolup hyzmat edýär. Ýurdumyzyň halk hojalygynyň ylmy esasda ösüşine, ähli senagat kärhanalarynyň tebigat üçin zyýansyz we howpsuz täze tehnikalar, «ýaşyl» tehnologiýalar bilen doly çalşyrylmagyna, täze gurulýan önümçilik kärhanalaryň  bolsa ekologik talaplaryň kadalaryna doly laýyk gelmegine uly üns berilýär. Öňde durýan şeýle möhüm wezipeleriň baş maksady  hem ýurdumyzyň ekologiýa howpsuzlygyny üpjün edip, bereketli türkmen topragymyzyň hasyllylygyny ýokarlandyrmakdan, oba hojalyk we senagat önümleriň öndürilişini artdyrmakdan, tebigy baýlyklarymyzy tygşytly peýdalanmakdan ybaratdyr.

Sadokat ALLAKULIÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok