Mollagara – hem sapaly, hem şypaly

Ajaýyp döwrümizde Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde halkymyzyň gurlup, ulanylmaga berlen dynç alyş merkezlerinde, şypahanalarda rahat dynç alyp, saglygyny bejertmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Güneşli Diýarymyzdaky melhem suwlary bilen dertleri dep eýleýän şypahanalaryň meşhurlarynyň biri-de «Mollagara» şypahanasydyr. Bu şypahananyň esasy bejeriş serişdesi oňa ýanaşyk kölüň hiç mahal guramaýan şor suwy hem-de gara palçygydyr.

Ilat arasynda ýaşap ýören rowaýata görä, bu kölüň suwunyň hem-de palçygynyň dermanlyk häsiýetiniň ýüze çykarylmagyna Gara aga diýen adamyň düýeleri sebäp bolupdyr. Il-gün kölüň bejerijilik gudratyny ilki açan adam hökmünde Gara aga uly hormat goýup, oňa «Molla Gara» diýip ýüzlenip başlaýarlar. Şeýlelikde, soňy bilen bu köle-de Mollagara ady galýar.

Dabarasy dag aşan kölüň şor suwunyň hem-de palçygynyň bejerijilik gudraty baradaky rowaýata çalymdaş gürrüňler rus hünärmenlerini-de biparh goýmandyr. Olar bu suwuň düzümini ylmy esasda öwrenip, bejerijilik häsiýetiniň bardygyny anyklaýarlar. Şeýdibem, bu ýerde suw we palçyk bilen bejermek üçin ýörite jaý gurulýar. 1890-njy ýylyň 20-nji maýynda açylan şol jaý 8 orunlyk bolup, 4 sany ýönekeýje wannasy bar eken.

Şypahana biraz giňeldilip, 1922-nji ýylda açylýar hem-de zähmetkeş köpçüliginiň ygtyýaryna berilýär. 1927-nji ýylda bolsa ol Respublikan ähmiýetli «Mollagara» şypahanasy diýlip atlandyrylýar. 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda bu ýer ýaralanan we şikes alan esgerler üçin gospital hökmünde peýdalanylýar.

Kem-kemden giňeldilip, kabul edýän adamlarynyň sany artdyrylýan-da bolsa, edil ýurdumyzyň beýleki şypahanalary ýaly, bu şypahana hem mukaddes Garaşsyzlygymyzdan soň döwran dolandy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bolsa «Mollagara» şypahanasy özüniň şöhratly ýoluna gadam goýdy. Çünki 2012-nji ýylyň iýulynda bu şypahananyň daşary ýurtlaryň iň kämil lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen täze binasy dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylmaga berildi. 815 adama, şol sanda 170 maşgala niýetlenen täze binada suwasty owkalama, duzly suwly wanna bilen birlikde, bejerişiň onlarça görnüşleri bar. Ýöne bu ýeriniň şor suwy we gara palçygy, şol öňküleri ýaly, esasy bejergi bolmagynda galýar.

Ruhyýa ÇARYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok