Gahryman Arkadagymyzyň «Çaý — melhem hem ylham» atly kitabynda çaý içmekligiň lezzeti bilen baglanyşykly halkymyzyň ajaýyp ýörelgeleri beýan edilýär. Eziz Arkadagymyzyň kitabynda belleýşi ýaly, «Çaýlaşmak» düşünjesi halkymyzda birek-birege düşünişmegi, mähirli gatnaşygy aňladypdyr. Şoňa görä hem çaý içmek arkaýyn oturyp düşünişmek mümkinçiliginden habar berýär. Çaý içmegi ata-babalarymyz nepesiňi durlamak hasap edipdirler. Çaý içilende, adamyň şähdiniň açylyp, onki süňňüniň ynjalyk tapýandygyna ynanypdyrlar. Sähel ynjalyksyzlygy çaý içip, ýeňip bolýandygyna bil baglapdyrlar. Bu ajaýyp kitapda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde çaý demlemekligiň aýratynlyklary barada hem giňişleýin maglumat berilýär.
Häzirki wagtda tebigatymyzyň eçilen «ýaşyl dermanhanasyndan» taýýarlanylan melhem çaýlar il arasynda giňden peýdalanylýar. Psihologlaryň pikirine görä, 10 minutlyk çaý içmek adamyň sussupeslik ýagdaýyny gowşadyp ýa-da aýryp bilýär. Eger-de çaý içmek söhbetdeşlikde, myhmançylykda bolsa, onda adam ruhlanýar, galkynýar. Ata-babalarymyz çaýda şeýle mümkinçilikleriň bardygyna irki döwürlerden belet bolupdyrlar we myhmansöýerlik däbinde çaýa aýratyn orun beripdirler.
Çaýyň watany Gündogardyr. Taryhy maglumatlara görä, çaý 3 müň ýyl mundan öň Hytaýda medeniýetleşdirilipdir diýlip çaklanylýar. Ilkibaşda çaý diňe dermanlyk serişde hökmünde içilipdir. Diňe ýedinji asyrda ol köpçülikleýin içgi hökmünde meşhurlyga eýe bolupdyr.
On dokuzynjy asyra çenli çaý diňe Hytaýdan satyn alnypdyr. Häzirki wagtda ol dünýäniň dürli döwletlerinde ösdürilip ýetişdirilýär. Bir ýylda tutuş dünýä boýunça 3 million tonna çaý öndürilýär. Şol öndürilýän önümiň 1,3 million tonnasy Hytaýda ýetişdirilýär. Hytaýdan soň öňdeligi Keniýa bilen Türkiýe eýeleýär.
Seýitmuhammet KAKAJANOW,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler