Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky sizi hasaplaryňyzy döwrebap we ýönekeý usulda dolandyrmaga mümkinçilik berýän «Menzilara bank hyzmaty» ulgamyndan peýdalanmaga çagyrýar!
Bu hyzmat ulgamy müşderilere Türkmenistanyň islendik künjeginden internete birikdirilen enjam arkaly tölegleri geçirmäge, hasaplaryň galyndysyny barlamaga we olaryň göçürmesini almaga, karzlaryň we depozitleriň töleg tertibini hem görmäge mümkinçilik berer. Bulardan başga-da, müşderiler özbaşdak karz serişdelerine gözegçilik edip, bank bilen onlaýn tertipde habarlaşyp hem-de dürli görnüşli bank amallaryny ýerine ýetirip bilerler.
«Menzilara bank hyzmaty» ulgamyny birikdirmek üçin Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň merkezi edarasyna ýa-da islendik şahamçasyna ýüz tutmak mümkin.
Müşderiler tarapyndan degişli resminamalar doldurylandan soňra, bankdan alnan ulanyjynyň adyny we açarsözüni ýörite internet-sahypadaky salgylanma girizip, bu hyzmatdan peýdalanyp bolar.
Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň «Menzilara bank hyzmaty» ulgamy size pul serişdeleriňizi günüň islendik wagtynda ygtybarly dolandyrmaga we wagtyňyzy tygşytlamaga ýardam berer.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 38-02-55; 38-02-33; 38-01-37.
Teswirler