Pandemiýadan öňki döwüre gaýdyp gelýäs: 9 ýurda uçuşlar täzeden dikeldilýär!

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Bangkoka (Tailand), Minskä (Belorussiýa), Delä (Hindistan), Almata (Gazagystan), Sankt-Peterburga (Russiýa), Ankara (Türkiýe), Pariže (Fransiýa), Seula (Koreýa Respublikasy) we Tokio (Ýaponiýa) ýaly şäherlere (ýurtlara) şu ýylyň mart-aprel aýlarynda göni uçuşlara gaýtadan başlar.

Şeýle hem Türkmenistan Hanoý (Wýetnam), Seul (Koreýa Respublikasy) we Şençžen (Hytaý) bilen kadaly ýük gatnawyny ýola goýlar.

Has takygy, 26-njy martdan Aşgabatdan Londona, Pekine, Delä we Almata ýolagçy uçuşlarynyň amala aşyrylyp başlanýandygy «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň resmi web saýtynda mälim edilýär.

Gatnawlaryň täzelenen rejenamasyny şu ýerden görüp bilersiňiz!

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok