Hormatly Prezidentimiz özüniň juwanlyk güýji bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzy dünýäniň ösen döwletleriniň derejesinde daglar ýaly beýgeldip, pajarladyp ösdürýär. Bu işlerde Arkadagly Serdarymyz ýurdumyzyň edermen, maksada okgunly, geljege ynamly ýaşlaryna berk ynanýar. 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy bolsa, bu ýylky beýik ösüşlerimize bagtyýar ýaşlarymyzyň hertaraplaýyn goşjak goşandyny alamatlandyrýar.
Watanymyzyň gülläp ösmeginde ýaşlar uly güýç bolup durýar. Ýurdumyzda ýaşlar üçin ähli şertler döredilip, olara jogapkärli wezipeler ynanylýar. Şonuň üçinem Täze ýylyň şygarynyň bagtyýar ýaşlarymyzyň ady bilen bagly bolmagy döwrüň öňe çykaran derwaýyslygydyr. Çünki buýsanyp aýdyşymyz ýaly, ýaşlar biziň şu günümiz, geljegimizdir.
Mähriban Watanymyzyň ähli ugurlarda gazanýan üstünliklerini artdyrmakda, aýratyn-da, bilim ulgamyny kämilleşdirmäge we ýaş nesli mynasyp terbiýeläp ýetişdirmäge degişli örän wajyp wezipeler öňde goýulýar. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz geçen ýylyň 14-nji iýunynda Maslahatlar merkezinde ýaşlaryň gatnaşmagynda geçiren maslahatyndaky çykyşynda: «Geljekki nesil hakynda alada – munuň özi ertirki güne iň bir ygtybarly, akylly-başly maýa goýumydyr, bilim ulgamy, ilkinji nobatda, ýaşlar syýasatydyr, ertirki günüň aladasydyr» diýip, aýratyn nygtady. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň röwşen geljegi bolan ýaşlara uly ynam bildirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Häzirki wagtda ýaşlary hakyky watançylyk, ynsanperwerlik, ýokary ahlaklylyk, Watana we şöhratly taryhymyza, halkymyzyň medeniýetine, däp-dessurlaryna, maşgala gymmatlyklaryna hormat goýmak ruhunda terbiýelemek, ylym-bilime höwesini artdyrmak Arkadagly Serdarymyzyň durmuşa geçirýän ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy ugry bolup durýar. Şu maksat bilen ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, zehinini ösdürmegi, hünär taýdan kämilleşmegi, eziz Watanymyza wepaly şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin ähli şertler döredilýär. Halkymyzyň gadymdan gelýän dessurlarynyň biri bolan halypa-şägirtlik ýörelgesi mynasyp dowam etdirilýär.
Maýsa BEGLIÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler