Hoş geldiň, nowruzym, biziň illere!

Milli bahar baýramy halkymyzyň durmuşynda möhüm ähmiýete eýe bolan baýramlaryň biridir. Ol ata-babalarymyzyň ruhy dünýäsinden kemala gelip, täzelenişiň müň bir öwüşginine beslenýär. Nowruz adamzadyň kalbyna ruhubelentligi, şatlyk-şowhuny we mähir-muhabbeti bagyş edýän baýram. Milli bahar baýramy halkymyzyň özboluşlylygyny, ajaýyp däp-dessurlaryny özünde jemleýär.

Nowruz baýramy 2009-njy ýylyň 30-njy sentýabrynda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. 2010-njy ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 64-nji mejlisinde bolsa her ýylyň 21-nji martyny «Halkara Nowruz güni» diýip, yglan etmek barada ýörite Kararnama kabul edildi. Döwletimiziň sebit we umumadamzat ähmiýetini hem bähbidini nazarlaýan öňdengörüjilikli ynsanperwer syýasaty netijesinde Nowruz baýramy halklaryň arasynda parahatçylygy berkidýän hem-de Gündogar halklarynyň taryhy-medeni däp-dessurlaryny dünýä ýaýýan halkara baýramy hökmünde taryha girdi.

Nowruzda Günüň jana ýakymly şöhlesine tebigatda oýanyş, janlanyş peýda bolýar. Şu pursat ynsanyýetiň kalbynda-da, ruhunda-da ajaýyp bir ahwal peýda bolýar. Çünki bahar paslynyň täsin, jana tenekar howasy, guşlaryň hoş owazy ynsan ruhuna, häsiýetine ýakymly täsirini ýetirýär. Nowruz dost-doganlygyň, birek-birek bilen hoşniýetli hyzmatdaşlygyň, beýik ynsanperwerligi, asuda hem rahat durmuşy alamatlandyrýan parahatçylygyň pederlerden galan gadymy baýramydyr.

Umuman, gadymyýetden gelýän Nowruz baýramçylygy «Täze ýyly», «Täze güni» aňladyp, adamlar öýüniň içini-daşyny, köçesini, obasyny arassalamak, täze eşik geýmek bilen bir hatarda, kalplaryny hem päk tutup, ýagşy niýet-arzuwlar bilen täze bir ýaşaýşa gadam basypdyrlar. Bu baýramçylygy agzybirlikde, jebislikde bellemek adamlary has-da ýakynlaşdyrypdyr. Nowruz ruhy taýdan galkynyşyň, tämizligiň, agzybirligiň baýramçylygydyr. Bu baýramçylyk dostlugyň, doganlygyň, ynsanperwerligiň, parahatçylygyň baýramy hökmünde dünýä dolýar.

Baýramyňyz mübärek bolsun, hormatly ildeşler!

Serdar ATAÝEW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok