Berkarar döwletiň bagtyýar zenanlary

Bahar paslynyň ilkinji günlerinde baýram edilýän Halkara zenanlar gününiň şatlyk-şagalaňy kalplarymyza nur çaýýar. Sebäbi bu baýramçylyk mährem enelerimiziň, edep-ekramly, asyllylygy nusgalyk, zähmetsöýer gelin-gyzlarymyzyň baýramy. Şonuň üçinem bu sene göwünlerimizi galkyndyryp, ýaşaýşa, durmuşa höwes döredýär.

8-nji mart — Halkara zenanlar güni baýramçylyk dabarasyna beslenip, giňden bellenilip geçilýär. Şeýle baýramçylyk günlerinde enelerimizdir zenanlarymyzyň ýüzlerinde has-da mähirli ýylgyryşy görmek bolýar. Sebäbi ol ýylgyryşlar hormatly Prezidentimiziň olaryň mertebelerini hemişe belentde tutup, sylag-sarpalaýandygyndan nyşandyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzda aýal-gyzlaryň sarpasy belentde tutulýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen aýal-gyzlara okamaga, hünär öwrenmäge, halal zähmet çekip, abadan durmuşyň hözirini görmäge ähli şertler döredilýär. Olaryň iş we durmuş şertleri ýokarlandyrylýar.

Bize şeýle eşretli durmuşy, parahat döwri, bagtyýar eýýamy bagyş eden, türkmeniň at-abraýyny dünýä dolduran, zenanlaryň mertebesini Tug kimin sarpalaýan mähriban Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

Jennet ORAZOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok