Köp çagaly eneleriň 285-sine «Ene mähri» diýen hormatly ady dakylar!

3-nji martda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň geçen iki aýynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemi jemlenildi, degişli ýolbaşçylaryň hasabatlary diňlenildi, döwlet durmuşynyň beýleki käbir möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň barşynda, Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna ýurdumyz boýunça döwrebap öýleri sowgat bermäge hödürlenilýän sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen zenanlar, şeýle-de «Ene mähri» diýen hormatly ada mynasyp bolýan eneler baradaky maglumatlary hödürledi.

Bellenilişi ýaly, täze öýleriň açarlaryny gowşurmak dabarasyny Aşgabat şäherinde 7-nji martda, welaýatlarda bolsa 8-nji martda, köp çagaly eneleriň 285-sine Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adynyň nyşanlaryny gowşurmak çäresini 7-nji martda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde geçirmek meýilleşdirilýär. Şol gün olaryň ählisi Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçiriljek baýramçylyk konsertine çagyrylar.

Serdar Berdimuhamedow köp çagaly enelere «Ene mähri» diýen hormatly ady dakmak hakynda Permana gol çekip, hormatly adyň nyşanlaryny, şeýle hem köp çagaly maşgalalara täze öýleriň açarlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmagyň zerurdygyny belledi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok