Energetika pudagynyň galkynyşly ýeňişleri

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda «Döwlet – adam üçindir!» şygary bilen amala aşyrylýan düýpli durmuş özgertmeler syýasaty ilatyň ýaşaýyş şertleriniň ýokary derejede üpjün edilmegine gönükdirilendir. Türkmenistan milli ykdysadyýetiniň çalt depginler bilen ösýän şertlerinde dünýäniň dürli döwletleri bilen ýokary tehnologiýaly pudaklarda hyzmatdaşlyk etmäge, häzirki zamanyň öňdebaryjy bilimlerini we dolandyryş çözgütlerini ornaşdyrmaga uly ähmiýet berýär. Bu babatda, milli ykdysadyýetiň durnukly ösüşine we ilatynyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna ýardam berýän oňyn halkara şertleri döretmek, dünýäniň hojalyk gatnaşyklaryna işjeň gatnaşmak, daşary ykdysady hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek, iri maýa goýumlaryny ýurdumyza çekmek ýaly wajyp wezipeler ileri tutulýar. Bu işleriň ählisi Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarynyň dowamy bolan «Watan di­ňe halky bilen Watandyr! Döwlet di­ňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgämize laýyklykda, ilkinji nobatda, mähriban halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna, ýurdumyzyň kuwwatynyň has-da artdyrylmagyna gönükdirilendir. Uzakmöhletleýin döwlet maksatnamalarynyň kabul edilmegi bilen, ýurdumyzda ösen elektroenergetika, nebit we gaz çykarýan, nebiti gaýtadan işleýän, himiýa we nebit-himiýa senagatlary, maşyn-gurluşyk we gurluşyk materiallaryny öndürýän desgalar, ýeňil we azyk senagatynyň kärhanalary bilen üpjün edilen köp pudakly dürli maksatly ykdysadyýet döredildi.

Ýurdumyz dünýä döwletleriniň arasynda özüniň ýangyja we elektrik energiýasyna bolan isleglerini öz hususy baýlyklary bilen doly kanagatlandyrýar, şeýle hem onuň ep-esli bölegini daşary ýurtlara çykarýar. Türkmenistan milli we umumadamzat bähbitlerine özüniň ägirt uly energetika mümkinçiligini netijeli peýdalanmak bilen, bu ugurda anyk wezipeleri ýerine ýetirýär. Tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Türkmenistanyň energetika strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri hem ony dünýä bazaryna ibermegi diwersifikasiýalaşdyrmakdan ybarat bolup durýar. Döwletimiziň öňe sürýän bu ugurdaky başlangyçlaryna halkara derejesinde ýokary baha berilýär.  Energetika pudagynda daşary ykdysady ulgamda alnyp barylýan tagallalar ýurdumyzyň dünýä hojalyk gatnaşyklaryndaky ornunyň pugtalandyrylmagyna, täze bazarlaryň özleşdirilmegine hem-de eksport mümkinçilikleriniň we daşary ýurt maýa goýumlarynyň artdyrylmagyna, türkmen harytlarynyň we hyzmatlarynyň dünýä bazaryna çykarylmagyna, halkara we sebit ykdysady hem-de maliýe guramalarynyň mümkinçilikleriniň doly göwrümde peýdalanylmagyna, şeýle-de dünýäniň ykdysady we maliýe bileleşikleriniň öňünde ýurdumyzyň oňyn abraýynyň kemala getirilmegine gönükdirilendir.

Babanyýaz BAZAROW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň 4-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok