«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň zähmetkeşleri 2023-nji ýylyň ilkinji günlerinden başlap «mawy ýangyjyň» çykarylyşyny artdyrmak ugrunda mynasyp zähmet çekýärler.
Müdirligiň merkezi önümçilik-dispetçerlik gullugynyň maglumatlaryna görä, şu ýylyň ilkinji aýy boýunça 1 milliard 19,3 million kub metr tebigy gaz çykaryldy, şol bir wagtda önümçilik meýilnamasy 104% ýerine ýetirildi.
Belläp geçsek, bu hili oňyn görkeziji geçen aýda hasaba alnan aşa sowuk howada gazanyldy. Termometriň sütünjigi minus görkezijileri görkezende «mawy ýangyjyň» sarp edilişi hem düýpli artýar. Uglewodorod serişdelerini çykaryjylar adaty bolmadyk howa şertleri zerarly gazyň berlişiniň mümkin bolan bökdençlikleriniň öňüni almak üçin ähli çäreleri gördüler. Gaz üpjünçilik ulgamyna gyş möwsüminde sarp edijiler üçin zerur bolan bu gymmatly önümiň bökdençsiz ýetirilmegi üçin ähli tagallalary etdiler.
Müdirligiň Kükürtli ulgam-önümçilik uçastogynyň işgärleriniň goşandy aýratyn bellärliklidir.
Kükürtli uçastogy boýunça tebigy gazyň çykarylyşy geçen aýda 846,9 million kub metre barabar boldy. Öndürilen harytlyk önüm sarp edijilere bökdençsiz ýetirilýär. Çykarylan gazyň bir bölegi Malaý-Bagtyýarlyk gaz geçirijisine iberilýär. Bu gaz geçirijisi boýunça geçen aýda 489 million kub metr gaz iberildi. Bu turba geçiriji arkaly tebigy gaz şeýle hem Hytaý Halk Respublikasyna iberilýär.
Sülgün HOJAMUHAMMEDOWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Himiýa tehnologiýasy we ekologiýa
fakultetiniň talyby.
Teswirler