Gün tertibinde terrorçylyga garşy göreş we sebit döwletleriniň serhetleriniň howpsuzlygyny berkitmek!

2023-nji ýylyň 28-nji fewralynda Astanada Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-nyň «С5+1» formatynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň nobatdaky duşuşygyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň daşary işler ministrleri we ABŞ-nyň Döwlet sekretary ykdysadyýet, energetika, ulag, ekologiýa we howpsuzlyk ýaly sebit ösüşiniň möhüm ugurlarynda amaly hyzmatdaşlygyň meselelerine garadylar.

«С5+1» formatynyň gün tertibinde esasy ugurlaryň biri terrorçylyga garşy göreş we sebit döwletleriniň serhetleriniň howpsuzlygyny berkitmek bolup durýar. Halkara guramalarynyň we sebitdäki döwletleriň bilelikdäki tagallalaryny goldamak üçin bu ugurda Merkezi Aziýa bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, şeýle hem BMG-nyň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň Maksatnamalaýyn edarasynyň arasynda serhet meseleleri boýunça syýasy geňeşmeleriň mehanizmini, häzirki zaman okuw usullaryny ulanyp hünärmenleri taýýarlamak teklip edildi. Şol bir wagtyň özünde, türkmen tarapy BMG-nyň Merkezi Aziýada terrorçylyga garşy ählumumy strategiýasyny doly durmuşa geçirmegiň zerurdygyny aýtdy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok