Bakja ekinleriniň biri bolan gawunyň kadaly ösmegine we hasyl toplamagyna daşky şertler uly täsirini ýetirýär. Şeýle şertlerden ýylylyk zerur şertleriň biri bolup durýar. Gawun howanyň ýyly şertlerini has hem köp talap edýär. Onuň ösmegi üçin amatly ýylylyk şertleri +20+24 dereje, gawunyň tohumlary üçin +24 +27 dereje zerurdyr. Biziň şertlerimizde gawunyň ösmegi we gowy hasyl toplamagy üçin amatly şertler bar. Gawunyň sortlarynyň arasynda hem sowuga çydamly sortlar bar. Sowuga has çydamly gawun sortlary üçin +15 dereje zerur diýlip hasap edilýär. Howanyň derejesi +35 derejeden ýokary galsa, ösüşi haýallaýar. Gawun gülläp, tozanlanyp ýetişmese, +15+25 dereje howada gülleri ýere dökülýär. Bu bolsa hasyllylygy peseldýär.
Gawunyň kökleri howanyň ýylylyk derejesiniň üýtgemegine has duýgur bolýar. Uzak wagtlap topragyň ýylylygy +15+18 dereje bolup, pes derejede dursa kökleriň işjeňligi peselýär we guraýar. Ýöne adatça gawunyň sortlary yssa durnukly bolýar. Onuň yssa durnuklylygy, ýapraklaryndaky beloklaryň öwrülip başlanmagy bilen kesgitlenilýär.
Howanyň täsiri. Gawun yssa we gurakçylyga çydamly ösümlikdir. Gawun ösüşiniň ilkinji döwürlerinde haýal ösýär. Şol sebäpli oňa az-kem suw ýetmezçilik etse hem kadaly ösýär. Gawunda suwuň bugardyjylyk depgini 621-e deň bolýar.
Çyglylygyň täsiri. Gawunyň gurakçylyga çydamlylygy, onuň kökleriniň toprakda güýçli ösýändiginden başga hem fiziologo-biohimiki prosesler bilen hem baglydyr. Onuň çyglylyga çydamlylygy, ýapraklarynyň suw saklaýjylyk ukybyna hem baglydyr. Onuň ösýän topragynyň çyglylygy miwesiniň hiline hem täsir edýär. Topragyň çyglylygy 65% bolanda, şeker gowy toplanýar.
Ýagtylygyň täsiri. Bakja ekinlerinden gawun ýagtylygy has köp talap edýän ösümlikdir. Oňa kadaly ýagtylyk düşmese ösüşi peselýär. Ýagtylygyň düşmeginiň dowamlylygy gije-gündiziň dowamynda gün şöhlesiniň düşýän mukdaryna, düzümine, bulutsyz günlere hem baglydyr. Şeýle-de ýagtylygyň täsiri gürlük derejesine, joýalaryň ýerleşişine, topragyň mehaniki düzümine hem baglydyr.
Topragyň we döküniň täsiri. Gawunyň topraga we iýmite bolan talaby ýokarydyr. Gawun esasan hem ýeňil, aralyk, arassa topraklarda ýokary hasyl berýär. Duzly, şor topraklarda gawun gögermeýär. Agyr topraklar hem gawun üçin amatsyzdyr. PH-7,4 ýa-da aralyk aşgarly topraklar gawun üçin amatly şertleri döredýär. Organiki dökünler hökmünde çüýrän ders, gurply arassa toprak gawun üçin ýaramlydyr. Mineral dökünlerden gawunyň ideg işleriniň düzüminde onuň degişli ösüş döwürlerinde azot, fosfor, kaliý we dürli mikrodökünler peýdalanylýar. Talabalaýyk geçirilen ideg işleri we amatly daşky şertler gawundan alynýan hasyllylygyň esasy şerti bolup çykyş edýär.
Babajan ABDULLAÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Bagbançylyk we gök ekerançylyk
kafedrasynyň mugallymy.
Teswirler