Duşuşykda nähili meselelere garaldy?!

2023-nji ýylyň 28-nji fewralynda Astanada Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-nyň «С5+1» formatynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň nobatdaky duşuşygyna gatnaşdy.

Duşuşygyň barşynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, «C5+1» formatdaky mejlisiň çäklerinde ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinkeniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Diplomatlar ikitaraplaýyn, sebitleýin we halkara gün tertibi, Owganystandaky häzirki ýagdaý we owganlaryň arasyndaky gepleşikleri ösdürmek boýunça köp sanly meseläni ara alyp maslahatlaşdylar.

Wekiliýetleriň ýolbaşçylary Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmeginiň sebitde parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde durmuş-ykdysady ösüşiň möhüm görkezijisidigini aýtdy.

Taraplar, şeýle hem, «C5+1» formatda hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge bolan gyzyklanmalaryny beýan etdiler.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok