Döwrebap bilim – döwrüň kämilligi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüşiň belent menzillerini nazarlaýan eziz Watanymyz Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda bedew bady bilen öňe barýar. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen işler netijeli häsiýete eýe bolýar. Ähli ulgamlar bilen bir hatarda bilim ulgamynda hem düýpli özgertmeler amala aşyrylyp, bagtyýar ýaş nesilleriň kämil hem döwrebap bilimli, ösen tehnologiýalardan ussatlyk bilen baş çykarýan, giň dünýägaraýyşly ökde hünärmenler bolup ýetişmegi üçin ähli şertler döredilýär. Milli bilim ulgamyny dünýä derejesine çykarmak maksady bilen badalga berlen asylly maksatlaryň kemal tapmagy diýseň guwandyryjydyr. Şeýle tutumly işlerde häzirki zaman ylmynyň gazananlaryndan, ösen innowasion usullaryndan, täze döwrebap tehnologiýalardan netijeli peýdalanmak ösüşe itergi bermek bilen, ajaýyp zamanamyzda dünýäniň ösen tehnologiýalaryna daýanýan milli bilim ulgamynyň kemala gelmegini şertlendirýär.

Bagtyýar ýaşlar dünýä ylmynyň gazananlaryndan, öňdebaryjy tehnologiýalardan netijeli peýdalanmak bilen, öz bilim gorlaryny, zehinlerini artdyrýarlar. Bagtly ýaş nesiller üçin şeýle ajaýyp şertleriň döredilmegi ýaşlaryň aýdyň geljegine badal berýär. Bu döredilýän mümkinçilikler olaryň ýurdumyzyň ösmegine mynasyp goşant goşjak raýatlar bolup ýetişmeginde giň ýollary açýar. Bilim ulgamynda sanly bilimiň ösdürilmegi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli ulgamlarynyň binýadyny pugtalandyrjak, ýokary hünärli, zehinli ýaş nesilleri taýýarlamakda ähmiýeti uludyr. Eziz Diýarymyzda bilim ulgamynyň işi döwrebap guralýar, innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Bu bolsa ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Sanly bilime innowasion esasda çemeleşmekde, häzirki zaman ösen tehniki serişdelerden, maglumat gorlarynyň ulanylyşyndan, ösen tehnologiýalardan raýatlaryň baş çykaryp bilmegini gazanmakda, bilim işgärleriniň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.

Röwşen SAPARGULYÝEW,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we
ulag kommunikasiýalary
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok