«Altyn Asyr» Türkmenistanyň üç welaýatynda «4G» aragatnaşygyny ýola goýdy

«Altyn Asyr» öýjükli aragatnaşyk operatory Türkmenistanyň üç welaýatynyň birnäçe etraplarynda «4G» aragatnaşygynyň işi üçin täze enjamlary oturtdy. Indi Ahal, Balkan we Daşoguz welaýatlaryndaky «Altyn Asyr»-yň ulanyjylary ykjam aragatnaşygyň dördünji nesliniň artykmaçlyklaryndan, ýokary tizlikli internetden we ýokary hilli telefon aragatnaşygyndan peýdalanyp bilerler.

«4G» aragatnaşygynyň işi üçin täze enjamlar ýurduň Köneürgenç, Türkmenbaşy, Akdepe, Gubadag, Bereket, Gyzylarbat, Tejen, Sarahs, Magtymguly, Kaka, Gökdepe, Ak bugdaý, Bäherden etraplarynda we Hazar şäherinde oturdyldy. Bu barada «ORIENT» mälim edýär.

Belläp geçsek, 4G aragatnaşygynyň maglumaty bermegiň ýokary tizligi, ses aragatnaşygynyň gowulandyrylan hili, abonent tiz hereket edende arabaglanyşygyň ýokary tizligini saklamaklygy ýaly birnäçe artykmaçlyklary bar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok