Azerbaýjan 857 million kub metrden gowrak türkmen tebigy gazyny import etdi

2022-nji ýylda Azerbaýjan 857 million kub metrden gowrak türkmen tebigy gazyny import etdi. Bu barada «Interfaks – Azerbaýjan» agentligi Azerbaýjanyň Hökümetine salgylanyp habar berdi.

Geçen ýyl Azerbaýjan umumylykda 1,016 mlrd kub metr tebigy gaz import etdi. Bu öňki ýyldaky bilen deňeşdirilende 2 essä golaý artykdyr. Tebigy gazyň importynyň umumy möçberiniň 84,3%-i türkmen gazynyň paýyna düşdi.

Häzirki wagtda Azerbaýjan Türkmenistan hem-de Eýran bilen gaz alyş-çalyş etmek hakynda üçtaraplaýyn ylalaşyga laýyklykda, türkmen tebigy gazyny import edýär. Ylalaşyk Eýranyň üsti bilen ýylda 1,5-2 milliard kub metr türkmen gazyny Azerbaýjana ibermekligi göz öňünde tutýar.

2022-nji ýylyň iýunynda Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow we Eýranyň nebit ministri Jawad Ouji Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana türkmen gazynyň iberilişini iki esse artdyrmak boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler.

Arslangeldi DURDYÝEW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Himiýa tehnologiýasy we ekologiýa
fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok