Golaýda, Gahryman Arkadagymyz Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezine amala aşyran iş saparynda bu ýerde gurulmagy meýilleşdirilýän awtomenziliň we awtotoplumyň, şeýle-de demir ýol menziliniň taslamalary durmuşa geçirilende halkara derejede bildirilýän talaplardan ugur alynmalydygyny, şäher ilaty we onuň myhmanlary üçin ähli amatlyklaryň we mümkinçilikleriň göz öňünde tutulmalydygyny aýratyn belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinden Aşgabada, Awaza çenli aralyga ýokary tizlikli demir ýol şahalaryny gurmak bilen baglanyşykly meseleleriň içgin öwrenilmelidigini belläp, Arkadag şäherini paýtagt şäher Aşgabat we ýurduň beýleki şäherleri bilen baglanyşdyrýan demir ýol gatnawlarynyň häzirki zaman ülňülerine laýyk gelmeginiň, şunda ýollaryň ulanyş düzümlerine sanly ulgamyň ornaşdyrylmagynyň möhüm talap bolup durýandygyny aýtdy we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe görkezmeleri berdi. Şol bir wagtyň özünde, gurulmagy meýilleşdirilýän demir ýol menzilinde ýolagçylar üçin ähli zerur şertleriň, mümkinçilikleriň döredilmeginiň zerurdygy nygtaldy.
Belläp geçsek, ýokary tizlikli demir ýol şahalaryny gurmak bilen baglanyşykly taslamanyň durmuşa geçirilmegi bilen, ýurdumyzyň demir ýol ulag infrastrukturasy döwrebaplaşar. Şeýle taslamada häzirki zamanyň ösen tejribesinden ugur alyp, demirýol menzilinde otlynyň gelip durjak ýeriniň ýapyk görnüşde bolmagy maksadalaýyk hasaplanýar. Şunda binanyň bezeg aýratynlyklaryna, döwrebap germewleriniň we eskalatorlaryň gurluşygyna möhüm ähmiýet berilýär.
Ilaman AGAÝEW,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler