Sport – jemgyýetiň sagdynlygynyň kepilidir

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bedenterbiýäniň we sportuň kämilleşdirilmegi, bedeniň sagdyn we ruhy taýdan sazlaşykly ösmegi netijesinde sagdyn durmuş ýörelgesiniň amal edilmegi, şeýle-de sport boýunça halkara hyzmatdaşlygynyň barha giňeldilmegi ugrunda netijeli işler ýola goýulýar. Eziz diýarymyzda bu ulgamy ösdürmek Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu babatda öňde goýlan wezipeleri amala aşyrmak maksady bilen, ýurdumyzda sport ulgamyndaky hereketleriň täze usullary kemala getirilýär, ussat türgenleri taýýarlamak ugrunda toplumlaýyn özgertmeler amala aşyrylýar. Ähli künjeklerde köpugurly stadionlar, bedenterbiýe we sagaldyş toplumlary, sport merkezleri we beýleki sagaldyş maksatly desgalar bina edildi we yzygider ulanmaga berilýär. Türkmenistanda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikler döredilen. Paýtagtymyz Aşgabatda Sportuň gyşky görnüşleri boýunça sport toplumy, «Olimpiýa şäherçesi», Golf sport toplumy, ýurdumyzyň gözel künjegi bolan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda köpugurly sport toplumy guruldy. Ata Watanymyz halkara sport hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk hem ösdürmeklige uly üns berýär. Şundan ugur alnyp, dünýäniň 60-dan gowrak döwleti bilen ikitaraplaýyn esasda sport ulgamyndaky hyzmatdaşlyk işjeň ýagdaýda alnyp barylýar. Bu işjeň hyzmatdaşlygyň çäklerinde Halkara Olimpiýa Komiteti, BMG-niň Ösüşiň we parahatçylygyň hatyrasyna sport boýunça halkara býurosy, ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komiteti, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi bilen parahatçylygyň we ynsanperwerligiň pugtalandyrylmagyny şertlendirýän gatnaşyklaryň gerimi giňeýär. Halkara sport hyzmatdaşlygy ulgamynda, sport diplomatiýasyny ösdürmek boýunça esasy möhüm ugurlaryň biri hem dünýäde türkmen sportunyň şöhratyny, türgenlerimiziň üstünlikli ýeňişlerini ýaýmak bolup durýar. Sagdynlygyň ýurdy bolan Watanymyz halkara sport hyzmatdaşlygynyň merkezleriniň biri hökmünde hem ykrar edildi. Ýurdumyz sebit we dünýäde rejesindäki iri sport ýaryşlary guramak hem-de geçirmek üçin uly tejribä hem mümkinçilige eýedir. Halkara ýaryşlara işjeň gatnaşýan türkmen türgenleriniň gazanýan üstünlikleri we ýeňişleri bu ulgamda durmuşa geçirilýän işleriň netijeliliginiň aýdyň subutnamasydyr. Bularyň ählisi bolsa, Türkmenistanyň dünýä derejesinde sport döwleti hökmünde abraýynyň has-da ýokarlanmagyna, sportuň sagdyn jemgyýeti kemala getirmekdäki ornunyň pugtalanmagyna ýardam edýär.

Ysmaýyl HANGULYÝEW,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we
ulag kommunikasiýalary institutynyň
1-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok