Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent badyndan şöhratlanýan Watanymyzda döwletimiziň ösüş ugrunyň esasyny düzýän bilim ulgamyny kämilleşdirmekde we ösüp gelýän ýaş nesilleriň bilim almaklyga bolan höwesini artdyrmakda guwandyryjy işler amala aşyrylýar. Ylmy açyşlaryň, tehnologiki oýlap tapyşlaryň durmuşymyzyň ähli ugurlaryna ynamly aralaşýan häzirki döwründe ýaşlaryň bilime bolan höwesini artdyrmak, ýurtda kämil bilim ulgamyny kemala getirmek ýola goýulýan bilim we ylym özgertmeleriniň düýp özenidir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamyny ösdürmek ugrunda geçirilýän işleriň netijesinde dünýä ülňülerine laýyk gelýän çagalar baglary, orta mekdepler we ýokary okuw jaýlary yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýär. Peder ýoluny dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň tagallasy bilen milli bilim ulgamyny ösdürmek, türkmen ýaşlaryny ylym we döredijilik işlerine ruhlandyrmak babatda durmuşa geçirilýän işleriň esasy özeninde ylym-bilimden gory ýetik ýaş nesilleri kemala getirmek durýar. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde maglumat gory döredilmegine, sanly ulgamyň gazananlaryny doly ornaşdyrmaklyga gönükdirilendir. Şeýle hem, bu bilim ojaklarynda ösen tehnologiýalaryň, kompýuter tehnikalarynyň ornaşdyrylmagy okuw-terbiýeçilik işini netijeli interaktiw usulda ýola goýmaga ýardam berýär. Milli ýörelgelere daýanyp, bu ulgamy ösen talaplara laýyk getirmek öňde goýlan esasy wezipeleriň biridir. Bularyň ählisi hem milli bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmakda örän möhüm wezipäni ýerine ýetirýär. Bagtyýar günlerimizde bagtly nesillerimiziň ylym-bilimli, kämil hem giň dünýägaraýyşly, ökde hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin uly işleri ýola goýýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, ýurduň geljekki ykbalyny ýaşlarda görýän Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys!
Sona MAMATOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Teswirler