Daşoguzly hususy kärhananyň öndürýän önümlerine isleg ýokarlanýar!

Daşoguz şäherinde hereket edýän «Ýunus-Atabek» hususy kärhanasy ýaşaýyş jaýlary üçin niýetlenilen penjire-gapylar, derwezeler, diwar mebelleri hem-de ýumşak mebeller öndürilýär. Bu hususy kärhana 2010-njy ýylda işe girizildi.

Hususy kärhanada penjire-gapylar, mebeller, beýleki önümler plastik, agaç, demir çig mallaryndan ýasalýar. Önümler oňaýlylygy, berkligi, hiliniň ýokarylygy bilen tapawutlanýar. Mundan başga-da, kärhanada ilatyň, telekeçileriň, şeýle hem döwlet edaralarynyň buýurmalarynyň esasynda dürli görnüşli önümler öndürilýär. Bu önümleri taýýarlamakda ulanylýan çig mallar, esasan, daşary ýurtlardan getirilýär.

Häzirki wagtda bu hususy kärhanada işçi-hünärmenleriň 20-ä golaýy yhlasly zähmet çekýär.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok