Ýaponlar howa şarlarda kosmosa gezelenç açarlar

Ýaponiýanyň ýaş kompaniýasy Iwaya Giken ýaňy – ýakynda belentlikdäki şar gezelençlerine gatnaşmak üçin arzalaryny kabul edip başlady. Jübüt kapsula,  pilotyň bur syýahatçy bilen  25 kilometr  beýiklige  eltilmegini üpjün eder. Özüňi kosmonawtyň dörtden bir bölegi ýaly duýmak üçin takmynan  180,000 amerikan dollar töweregi harç etmeli. Taslamanyň ösmegi bilen bahalar ep-esli aşaklamagy wada berýär, bu bolsa «kosmosa uçuşlary» köp sanly raýat üçin elýeterli eder.

Syýahatçylyk kapsulasy, diametri 1,5 metr bolan açyk diwarlar barrele meňzeýär. Kapsulany geliý şary asmana göterer.  Geljekde işläp düzüjiler bir hepdäniň  aralygynda, belki-de has hem ýygy-ýygydan uçuşlary wada berýärler, emma ähli zatlar howa şertlerine bagly bolar. Yssy howa gezelençleri hakykatdan hem köp adam üçin elýeterli bahadan bolar.

Howa bilen iň ýokary belentlige takmynan 25,000 metre çykmak takmynan iki sagada çenli  dowam eder. Uçuş bir sagat beýiklikde geçiriler, soň bolsa bir sagat aşak düşer. Saýlawyň birinji tapgyrynyň ýeňijileri oktýabr  aýynda yglan ediler. Ilkinji bäş ýolagçy şu ýylyň  ahyryna çenli  uçup bilerler.  Uçuşlar Ýaponiýanyň  çäginde, ýagny Hokkaýdoda amala aşyrylýar.

Meýlis HUDAÝNAZAROW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok