Halkara hyzmatdaşlygyň aýdyň miweleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan Watanymyzyň halkara derejesindäki gatnaşyklary hil taýdan oňyn özgerişliklere eýe bolýar. Ýurdumyzyň dünýäniň abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyklary barha işjeňleşýär. Ata Watanymyz dünýä döwletleri bilen  giň gerimli, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak arkaly nusgalyk derejedäki türkmen diplomatiýasynyň, milli we ynsanperwer düşünjeleriň binýatlaýyn esasyny has-da pugtalandyrýar. Şol sanda BMG we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen  dürli ugurda asylly başlangyçlary ýola goýmakda möhüm işler alnyp barylýar we olaryň ygtybarly hukuk binýady kämilleşdirilýär. Bu ugurda Türkmenistan döwletimiziň BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň biri bolan ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzasy bolmagy hem aýratyn bellärliklidir. Türkmeniň şöhratly taryhy, medeniýeti, däp-dessurlary, şeýle-de taryhy-medeni ýadygärlikleri diňe bir ýurdumyzyň çäginde dälde, eýsem, olary bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmek arkaly tutuş dünýä ýüzünde meşhurdyr. ÝUNESKO bilen ýurdumyzyň arasynda ýola goýlan ýakyn hyzmatdaşlyk ilkinji nobatda onuň medeni, taryhy, tebigy gymmatlyklary goramak boýunça dürli ugurly konwensiýalaryna goşulmak hem-de tassyklamak arkaly alnyp barylýar. ÝUNESKO-nyň maddy we maddy däl medeni mirasynyň sanawyna ýurdumyz tarapyndan hödürlenýän taryhy hem-de medeni ýadygärliklerimiziň gorap saklanylmagyny artdyrýar, olaryň bütindünýä jemgyýetçiligi tarapyndan öwrenilip, bu babatdaky işleriň geriminiň giňemegine itergi berýär.

Ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän «Gadymy Merw» 1999-njy ýylda, 2005-nji ýylda «Köneürgenç» ýadygärlikleri, 2007-nji ýylda Nusaý galalar toplumy ýaly taryhy medeni ýadygärliklerimiz, 2011-nji ýylda ýurdumyz merdana türkmen halkymyzyň «Görogly» şadessany, «Küştdepdi» aýdym we tans dessury hem-de türkmen milli halyçylyk sungaty, «Dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty» we türkmen keşdeçilik sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli sanawyna girizildi.

Munuň özi milli mirasymyzyň we medeni gymmatlyklarymyzyň halkara derejede ykrar edilmeginiň nobatdaky aýdyň mysalydyr. Elbetde, bu möhüm sepgitler ýurdumyz üçin uly başlangyç bolup, Garaşsyz döwletimiziň öňünde alnyp barylýan köpugurly gatnaşyklary ösdürmekde täze ugurlary açmak we netijeli işleri ýola goýmagy şertlendirýär.

Gözel HÜMMEDOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok