ÝUNESKO-nyň kafedralarynyň maksady näme?

Mälim bolşy ýaly golaýda, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen bilelikde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Medeni miras: geçmişden geljege» hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda «Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimi»  atly ÝUNESKO-nyň kafedralary döredildi.

Eýsem bu ÝUNESKO-nyň kafedralarynyň maksady näme?

ÝUNESKO kafedralaryny açmagyň esasy maksady bellenen ugur boýunça Durnukly Ösüş Maksatnamalaryny durmuşa geçirmek, ýokary okuw mekdepleriniň hyzmatdaşlygyny üznüksiz ösdürmek we ylmy-barlaglary kämilleşdirmekden, dünýä we döwlet derejesinde ýokary okuw jaýlarynyň hyzmatdaşlyk toruny döretmekden şeýle-de durnukly ösüşde, ylymda, bilimde we medeniýetde öňdebaryjy netijeleri gazanmakdan şeýle hem zenanlaryň bilim almak işine gatnaşmagy arkaly gender deňligi ideýasyny öňe sürmekden ybaratdyr.

Bu maksatlara ýetmek üçin maksatnama hünär maglumatyny alyşmak, hukuk goraýjy ygtyýarlyklaryň ösdürilmegi, bilimleri alyşmak, neşirýat işjeňligi we Toruň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk ýaly usullary ulanýar.

Suraý MOWLANBERDIÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok