«Derwaýys» hususy kärhanasy daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri ýurdumyzda öndürmek boýunça işlere goşandyny goşýar. Hususy kärhana Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň çäginde ýerleşýär. 2021-nji ýylda önümçiligini ýola goýan kärhana ilkibaşda kafel üçin ýelim öndürip başlady. 2022-nji ýylda bitum mastikanyň önümçiligini hem ýola goýdy. Ýakyn geljekde bolsa izogamyň folgaly we folgasyz görnüşleriniň önümçiligini ýola goýmak meýilleşdirilýär.
Bu ýerde öndürilýän kafel ýelimi 25 kilogramlyk, bitum mastika 50 kilogramlyk gaplara gaplanylýar. Önümler çyglylyk geçirmeýänligi, bäsdeşlige ukyplylygy, berkligi bilen tapawutlanýar. Eýranyň tehnikadyr tehnologiýalary bilen üpjün edilen kärhana aýda 100 tonna önüm öndürmek kuwwatyna eýe. Kärhanada önümçilik üçin gerek bolan çig mal Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan alynýar.
Şeýle hem «Derwaýys» kompaniýasynyň önümlerine Täjigistanyň işewürleri uly gyzyklanma bildirýärler. Şu ýyl Özbegistana bitum mastika eksport edildi. Ýokary hilli gurluşyk serişdeleri bilen uly islegden peýdalanýan hususy kärhana geljekde önümçiliginiň gerimini giňeltmegi, daşary ýurt bazarynda mynasyp orun tapmagy maksat edinýär.
Nurbibi MEMIÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Teswirler