Oba hojalyk pudagynyň rowaçly galkynyşy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň özgerişiň nury bilen rowaçlanýan «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlary bilen birlikde oba hojalyk toplumynda hem gazanylýan beýik ýeňişleri aýdyň duýmak bolýar. Muňa bu iri pudakda ýylyň-ýylyna gazanylýan üstünlikler, belent sepgitler aýdyň şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiziň beýik taglymatynyň binýady bolan şeýle asylly başlangyçlar agrosenagat toplumynyň ösüşlerine ösüş goşýar. Halkymyzyň ekerançylyk sungatynyň baý milli tejribesiniň gaýtadan dikeldilmegi bu pudagy ykdysadyýetimiziň iň bir girdejili pudagyna öwürmeklige şert döredýär.  Oba hojalyk ulgamyny ylmy esasda ösdürmek, tohumçylyk işini kämil ýola goýmak, alynýan hasylyň hilini we mukdaryny ýokarlandyrmak babatda ençeme işler alnyp barylýar. Üstünlikli amala aşyrylýan şeýle oba hojalyk özgertmeleri ilatymyzyň durmuş hal-ýagdaýynyň has hem gowulanmagyna, azyk bolçulygyny döretmeklige giň ýol açýar. Bu gün türkmen daýhanyna halal zähmet çekmäge, halal baýamaga döwlet tarapyndan ähli şertler döredilip berilýär, oba zähmetkeşleriniň öndürijilikli işlemegini maddy taýdan höweslendirmek yzygider üpjün edilýär. Şeýle-de dünýäniň kuwwatly, kämil oba hojalyk tehnikalarynyň hasabyna bu iri pudagyň tehniki binýady barha pugtalandyrylýar. Oba hojalygyna öňdebaryjy tehnologiýalaryň, ýokary netijeli önümçiligi üpjün edýän sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy bu pudagyň dünýä tejribesi bilen aýakdaş gitmeginde esas bolup hyzmat edýär. Oba hojalyk önümleriniň öndürilişiniň möçberiniň artdyrylmagyna gönükdirilen köpugurly özgertmeler azyk bolçulygyny berkitmegiň ygtybarly kepilidir. Bu bolsa oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli çözülmegine, ýer eýelerini, hasyl ussatlaryny, edermen babadaýhanlarymyzy uly-uly zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýar. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň möhüm bölegi bolan obasenagat toplumynyň barha batly depginler bilen ösdürilmegi ugrunda asylly başlangyçlary durmuşa geçirýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun, il bähbitli ýola goýýan beýik işleriniň dowamaty mundan beýläk hem dowam bolsun!

Alihan RAJABOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 3-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok