Gawunlaryň saklanyşy

Bakja ekinleriniň arasynda köpleriň halaýan önümleriniň biri hem gawundyr. Gawunyň ösdürip ýetişdirmekde, oňat hasyl almakda ýörite agrotehniki çäreleri bilen bir hatarda, onuň saklanyş aýratynlyklary hem bar. Gawunlary saklamaga niýetlenen jaýlar ilki bilen gowy arassalanmaly, şemalladyp, zyýansyzlandyryjy işlerini geçirmeli. Gawunlary gök we miwe saklanýan ýörite jaýlarda 3-6 aýa çenli saklap bolýar. Gyşa saklanmaga niýetlenen wagtynda gawunlary 2-3 santimetr uzynlykda miwe sapagy bilen ýygnamaly. Saklamak üçin paçagy bitin, sagdyn, ter gawunlar saýlanyp alynýar. Olarda kesel alamatlary bolmaly däl. Saklanjak irbişer gawunlaryň diametri 10, orta we giç bişer gawunlaryňky bolsa 15 santimetrden kem bolmaly däldir. Uzak möhlete saklanmaly gawunlar bişmezden öňräk ýolunýar, ýygylandan soň 10-15 gün meýdanda saklanýar, 4-5 gün geçenden gawunyň ýerde duran tarapyny güne öwrüp goýmaly we olary saklanyljak jaýlaryna ýerleşdirmeli. Jaýyň ýylylygy +2 -4 derejä, howanyň otnositel çyglylygy 70-80 göterime barabar bolmaly. Çyglylyk ondan ýokary bolanda gawunlar kömelek keselleri bilen tiz keselleýärler. Jaýlarda gawunlary ýerde, ýörite gaplarda onuň aşagyna agaç ýonuşgasy, saman, gamyş düşäp, bir-birine degirmän, bir hatar edip goýmaly. Gawunlary saklamagyň iň oňat usuly ony asyp saklamakdyr. Bu usulda gawunlar uzak möhlet saklanýarlar. Gawunlary gyş aýlarynda saklamak barada 1988-1991-nji ýyllarda ýörite tejribe geçirilip, onda gawunlary ýönekeý jaýda, gamyşdan höwürtge bejerip, şonuň üstünde hem-de ýekenden tor ýasap goýmak usulynda synag edilip görüldi. Saklamak üçin gawunlaryň birnäçe sorty alnyp, şol gawunlaryň her sortundan 30 gawun goýuldy. Olar 5-6 aý saklanandan soň gawunlar torlarda asylyp goýlanda has gowy saklanýandygy mälim boldy. Gawunlary saklamagyň bu usuly beýleki usullara garanda 10-20 göterim netijeli bolýar. Tora salnyp asylan gülaby gawuny 210 günüň dowamynda has gowy saklanýar. Saklamagyň dowamlylygy boýunça garrygyz we gara-gaş sortly gawunlar ikinji orunda durýar. Olar 180-182 günläp örän gowy saklanýar. Asylyp saklananda bu sortlaryň gawunlarynyň 70-80 göterimi, gülaby gawunyň bolsa 90 göterimi zaýalanman saklanýar. Gawun saklananda kadaly hem talabalaýyk şertleriň üpjün edilmegi gawunlaryň uzak wagtlap gowy saklanmagyna ýardam edýär. Olary iş ýüzünde güýzden indiki ýylyň tomsunyň başyna çenli saklap bolýar. Bu bolsa ak bazarlarymyzy ýylyň dürli paslynda ter, datly gawunlar bilen üpjün etmäge şert döredýär.

Laçyn DURDYLYÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 4-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok