Bugdaýyň satyn alnan täze sortlary bol hasyl berýär

Mälim bolşy ýaly, geçen ýyl Russiýadan bugdaýyň köp hasyl berýän täze sortlary satyn alyndy. «Alekseýewiç» we «Bezostyý» diýlip atlandyrylýan sortlaryň saýlantgy görnüşleri geçen ýyl Lebap welaýatynyň ekerançylyk meýdanlarynyň 34 müň gektaryna ekildi.

«Lebapgalla» önümçilik birleşiginiň agronom-hünärmenleri kärendeçilere degişli maslahatlary bermek bilen, ekinlere yzygiderli gözegçiligi ýola goýdular. Welaýatda dökünlemek, suwarmak işleri-de talaba görä geçirildi. Bugdaýly meýdanlar galyň gar bilen örtülen-de bolsa, gözegçilik gowşadylmady. Garyň aşagyndaky ekiniň ýagdaýyna seljerme berlip duruldy.

Ylaýta-da, ýanwaryň aýazly günlerinde täze sortlaryň kök-damar ulgamynyň we baldaklarynyň sowuga çydamlylygyna aýratyn üns berildi. Bu işlere hünärmenler örän jogapkärli çemeleşdiler. Sebäbi üstümizdäki ýylda welaýat boýunça meýilleşdirilýän 130 müň gektaryň aglaba ýerinde, idegi gowy ýetirilende, 80 sentnere çenli hasyl berjek täze görnüşler ekilmeli. Olar bugdaýyň öňden ekilip gelinýän «Batko», «Wasso», «Ýuna» ýaly görnüşleriniň ýerini çalyşmaly. Ata-babalarymyz hasyllylygyň peselmezligi üçin şeýle sort, görnüş çalşyklaryny mydama geçirip durupdyrlar. Ýeriň ýadamazlygy üçin ekin, dökün, tohum çalşygyny geçirmek daýhançylykda kada bolup durýar.

Öňdebaryjy tejribe we ylmyň gazananlary esasynda önümçilige täze iş usullary, oba hojalyk gurallary, enjamlary çaltlyk bilen ornaşdyrylýar. «Monosem», «Kaspardo» kysymly ekiş gurallarynyň kömegi bilen tohumlar ýere takyk görnüşde taşlanýar. Bu bolsa tygşytlylyk gazanmakda guwandyryjy netijeleri berýär. Şeýle aladalar daýhana az harajat bilen köp hasyl almaga giň ýol açýar.

Süleýman ALLAMOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok