Bilim ulgamynyň rowaçly gadamlary ýaşlaryň ýürek joşunda!

Türkmenistan Watanymyzda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, giň dünýägaraýyşly, innowasion tehnologiýalardan baş çykarmaga ukyply, kämil bilimli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça uly işler amal edilýär. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde durmuş, medenim bilim ulgamyna degişli döwrebap desgalar yzygiderli gurulýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň, orta mekdepleriniň, sport merkezleriniň ajaýyp binalarynyň sany barha artýar. Ýurdumyzda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» hem milli bilim ulgamyny kämil derejede ösdürmek, ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak ugrunda möhüm wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, sanly bilim ulgamyny ornaşdyrmagyň, daşary ýurt dillerini öwretmegiň we okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýalaryna laýyklykda, bilim ulgamyny dünýä ölçeglerine laýyk derejede ösdürmek boýunça degişli işler ýola goýulýar. Bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek babatynda öňde goýlan bu möhüm wezipeler ata Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, dünýä ýüzündäki at-abraýynyň barha ýokarlanmagynyň aýdyň kepili bolup çykyş edýär. Milli ýörelgelere we dünýäniň ösen tejribesine laýyklykda, okuw mekdepleri kompýuter tehnologiýalary, multimediýa we lingafon otaglary bilen üpjün edilen hem-de internet ulgamyna birikdirilen bolup,  sanlylaşdyrmaga barýan sepgitde oňyn netije berýär. Ýurdumyzda bilim ulgamynda dünýäniň oňyn tejribesi işjeň öwrenilýär we daşary ýurtlaryň bilim we ylym merkezleri bilen gatnaşyklar yzygiderli gi­ňeldilýär.   «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda ata Watanymyzda ýaş nesil barada edilýän aladalar bu günki günde ajaýyp miwesini berýär. Ýylyň-ýylyna geçirilýän halkara sport ýaryşlarynda, ders bäsleşiklerinde türkmeniň bagtly ogyl-gyzlary baýrakly orunlara mynasyp bolup, eziz ýurdumyzyň mertebesini belende göterýärler. Türkmen halkynyň Milli Lideri Mähriban Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda, Arkadagly Serdarymyzyň gol çekmeginde badalga alan «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ýaş nesliň hukuk taýdan goraglylygyny üpjün etmek, döwletimiziň syýasy-ykdysady, medeni durmuşyna ýaşlaryň işjeň gatnaşmagy üçin oňaýly şertleri döretmek esasy üns merkezinde saklanýar. Ýurdumyzda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olary ylma höweslendirmek, ýaşlarda watançylyk, ýokary adamkärçilik, arassa ahlaklylyk duýgularyny terbiýelemek ileri turulýan wezipeleriň hatarynda goýulýar. Munuň özi, jemgyýetiň bitewiligini, halkymyzyň agzybirligini we jebisligini alamatlandyryp, beýik özgertmelere ýetmekde ruhy güýç bolup hyzmat edýär. Şeýle bilim özgertmeleri bilen halkymyzy bagtyýarlyga, ata Watanymyzy berkararlyga besleýän Arkadagly Serdarymyza biz ýaşlaryň alkyşlary ýürekdendir!

Aýsoltan HUDAÝNAZAROWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 3-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok