Ýurdumyzda maglumat-aragatnaşyk ulgamyny ösdürmegiň täze tapgyry

Türkmenistan Watanymyzda Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň ýokarlandyrylmagy, ulgamlaryň döwrebaplaşdyrmagy, ylmy-tehniki täzelikleriň ornaşdyrylmagyny ýola goýmak, ýurdumyzyň elektron senagaty pudagyny kemala getirmek babatdaky wezipeler esasy orny eýeleýär. Soňky wagtda ählumumy maglumatlaşdyrmak we internetleşdirmek gündelik durmuşymyzda hem-de işimizde düýpli özgerişliklere getirýär, dürli işleriň köpüsi awtomatlaşdyrylar. Häzirki zaman şertlerinde döwrebap maglumat tehnologiýalaryny ýerlikli ulanmak innowasion ösüş ýoluna itergi berýär. Öňdebaryjy kämil tehnologiýalaryň esasynda ählumumy aragatnaşyk ulgamyny döretmäge, ýurdumyzyň iň alysdaky künjeklerinde internetiň giňden elýeterliligini üpjün etmek arkaly aragatnaşyk hyzmatlarynyň möçberlerini, hilini we görnüşlerini ýokarlandyrmaga gönükdirilen taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Sanly tehnologiýalar, kompýuter ulgamlary jemgyýetiň ösüşiniň möhüm şertine hem-de ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň usulyna öwrüldi. Maglumat ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň täze tapgyrynda taslamalaryň birnäçesi göz öňünde tutulýar. Olaryň her biri pudagyň belli bir bölegine gönükdirilendir. Ýokary tizlikli internet hyzmatlaryny hem-de maglumatlaryň simli nokada birleşdirmezden geçirilmegi üpjün edilýär. Sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy milli we halkara ölçeglerine, häzirki döwrüň maglumat jemgyýetiniň talaplaryna laýyk gelýän ýokary hilli bilim hyzmatlaryny almak üçin zerur bolan mümkinçilikleri üpjün edýär. Munuň özi ýaş nesillerimize bu ugurda kämil bilim almaga, kämil usullar arkaly hünärini ýokarlandyrmaga şert döredýär.

Ornaşdyrylýan akylly enjamlar, sanly serişdeler maglumatlar hem-de multimedia ýaly görnüşleri birbada ulanmaga niýetlenen täze hyzmatlaryň giň görnüşleriniň döredýär. Maglumat ugurlary ulgamynyň ygtybarlylygy, elýeterliligi we howpsuzlygy üpjün edilýär. Elektron hyzmatlarynyň ösdürilmegi täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrmazdan mümkin däl. Ol degişli programma üpjünçiligi bolan işläp taýýarlamalary talap edýär. Şeýle hem elektron ulgamyň goraglylygyny üpjün etmäge ukyply ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak zerurlygy hem ýokarlanýar. Häzirki döwürde alnyp barylýan döwlet syýasaty netijesinde ilatyň durmuş derejesiniň durmuş-ykdysady görkezijileriniň ýokarlanmagy we abadançylygy ýurdumyzda maglumat-aragatnaşyk ulgamynyň we sanly tehnologiýalaryň ösdürilmegini üpjün edýär.

Ýakup ERLENOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok