Türkmen gazy Garagalpagystandaky eklenji pes maşgalalara paýlanylýar!

Türkmenistandan muzdsuz esasda Özbegistana iberilen suwuklandyrylan gaz eklenji pes maşgalalara paýlanyň başlandy. Bu barada «Hududgaztaminot» kompaniýasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Ýurdumyzdan ugradylan suwuklandyrylan gaz ýüklenen demir ýol wagonlary eýýäm Özbegistana baryp ýetdi. «Hududgaztaminot» kompaniýasynyň bellemegine görä, ýangyç Garagalpagystanyň eklenji pes maşgalalaryna paýlanyp berler.

Kompaniýanyň metbugat gullugy Türkmenistan 2 müň tonna suwuklandyrylan gazy Özbegistana iberendigini mälim edýär. Onuň 1 müň tonnasyny Garagalpagystanyň, ýene-de 1 müň tonnasyny Horezm oblastynyň ýaşaýjylarynyň arasynda paýlamak meýilleşdirilýär.

Özbegistanyň Energetika ministrliginde öň habar berlişi ýaly, suwuklandyrylan gaz mätäçlik çekýän maşgalalara mugt paýlanyp berler.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow fewral aýynyň başynda muzdsuz esasda Özbegistana suwuklandyrylan gaz ibermek hakynda resminama gol çekdi. Bu karar Özbegistan bilen Türkmenistanyň diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlandy.

Öz gezeginde, özbek tarapy şanly sene mynasybetli Aşgabada 20 sany tiz kömek ulaglaryny berdi.

Didar ÇARYÝEW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Geologiýa fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok