Maglumat tehnologiýalary bilen döwrebap ösüşe

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmeklige aýratyn üns berilýär. “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda döwrebap ugurlar, sanly ulgamyň bize eçilen mümkinçilikleri durmuşa ornaşdyrylýar. Sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine, öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy ykdysady, syýasy we durmuş ösüşinde aýdyň şöhlelenýär.

Kämil tehnologiýalar, ösen sanly ulgam bagtyýar döwrümiziň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde orta çykýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda kämil innowasiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagy netijesinde maglumat-aragatnaşyk ulgamlary barha ösdürilýär, ýokary tizlikli internet-aragatnaşygyň elýeterliligi hem doly derejede üpjün edilýär. Sanly ykdysadyýetiň kemala gelmegi ylmy-tehniki ösüşiň gönüden-göni netijeleridir. «Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda ýurdumyzda sanly özgertmeleri amala aşyrmak babatda netijeli işler mynasyp kemal tapýar. Şeýle özgertmeleriň durmuşyň ähli ugurlaryny gurşap almagy zerur bolan ähli ýeňillikleriň döremegine şert döredýär.

Häzirki zaman maglumatlar jemgyýetinde ähli amatlyklaryň üpjün edilmegi ýurdumyzyň kuwwatly ykdysadyýetiniň bardygyndan habar berýär. Milli ykdysadyýetimiz üçin sanlylaşdyrmak täze eýýamyň ösen ugry bolmak bilen, durmuş-ykdysady ösüş babatda döwletimizde oýlanyşykly ýagdaýda esaslandyrylan görkezijidir. Eziz ýurdumyzda bu ugurda yzygiderli maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar, şol sanda zerur bolan düzümi döretmek boýunça hem anyk çäreler görülýär. Maglumat tehnologiýalaryny yzygiderli ösdürmek boýunça ykdysady taýdan ösen ýurtlaryň birnäçesinde toplanan tejribe ýurdumyzda sanly gurşawyň döredilmegi bilen uly artykmaçlyklary döredýär. Ähli ugurlara maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy bilen syýasy, ykdysady we beýleki ulgamlaryň ösüşe ukyplylygy hem ýokarlanýar. Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda şeýle akylly hem kämil tehnologiýalaryň ösdürilmegine gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberi has-da artdyrylyp, bu ugurda sanly maglumatlaryň önümçiligi artdyrmakda eýeleýän orny hem barha ýokarlanýar.

Tylla HOJAMEDOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok