Türkmenistan bilim ulgamynda ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar

Mälim bolşy ýaly golaýda, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen bilelikde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Medeni miras: geçmişden geljege» hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda «Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimi»  atly ÝUNESKO-nyň kafedralary döredildi. Bu kafedralaryň döredilmegi ýaşlaryň döredijilik we ylmy-barlag işlerine höwesini artdyrmak, öz ýurdunyň medeni gymmatlyklary, däp-dessurlary baradaky bilimini ýokarlandyrmak babatda uly ähmiýete eýedir.

ÝUNESKO klublarynyň işi talyplaryň gözýetimini giňeltmäge, daşary ýurt dillerini öwrenmek tejribesini kämilleşdirmäge ýardam berýär. Klublarda ýaşlar barada döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça işler utgaşdyrylýar. Tassyklanan iş meýilnamalaryna laýyklykda, okuw sapaklary, ylmy maslahatlar geçirilýär, bäsleşikler hem-de sergiler guralýar.

ÝUNESKO kafedralarynyň döredilmegi ýaşlary ählumumy we milli gymmatlyklar esasynda terbiýelemäge, olaryň ekologiýa we daşky gurşawy goramak meseleleri baradaky bilimlerini artdyrmaga, ekologik medeniýetini ösdürmäge ýardam berer. Bu kafedralar adaty kafedralar däl-de, eýsem, giň möçberli halkara okuw-barlag merkezleri bolar. Olarda bilim bermek işi mazmuny we görnüşi boýunça ýokary okuw mekdepleriniň adaty işinden tapawutlanýar. Şeýle hem bu okuw bölümleri ýokary bilimi hem-de ylmy ösdürmäge degişli meseleleriň tutuş toplumy boýunça tejribe, maglumat alyşmakda uly orny eýelär.

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO kafedralarynyň döredilmegi Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygy baýram edilýän şu ýylda aýratyn ähmiýete eýedir.

Gülbahar HALBAÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok