2022-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça komiteti Marokko Patyşalygynyň Rabat şäherinde 17-nji mejlisini geçirdi. Mejlisde ýurdumyzyň «Türkmen keşdeçilik sungaty» atly hödürnamasynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky çözgüt biragyzdan kabul edildi.
Keşdeçilik sungaty milli medeni mirasymyzyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Köpasyrlyk milli däpleri dowam etdirip, häzirki döwürde zehinli zenanlarymyz ajaýyp keşdeleri, nagyşlary döredýärler. Olar milli lybaslaryň esasy bezegi, durmuş ulgamynyň aýratynlyklary we amaly-haşam sungatynyň görnükli nusgasy bolup durýar. Munuň özi Türkmenistanda aýratyn ähmiýet berilýän ugurlaryň biridir. Türkmen zenanlary şöhratly pederlerimiziň döredijilik däplerini dowam etdirmek bilen, el işleriniň ussatlary hasaplanýar. Bu ugurda ýokary ussatlyk derejesine ýeten zenanlar toplan baý tejribelerini beýleki milletler bilen paýlaşmaga taýýardyklaryny mälim edýärler.
Taryhy müňýyllyklaryň jümmüşine uzap gidýän baý milli mirasymyzyň belli bir bölegi biziň gelin-gyzlarymyzyň çeper elleriniň miwesidir. Aslynda, tikin işleri bilen meşgullanmak her bir halkyň zenan maşgalasyna mahsus hasaplanylýar. Şoňa görä-de, tikin işleriniň ähli görnüşleri öz gözbaşyny zenan dünýäsinden, gözelliginden, olaryň duýgusydyr nepis döredijiliginden alyp gaýdýar.
Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini hem-de baý medeni mirasyny dünýä ýaýmakda, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, başy dik, tutýan tutumly işleri elmydama rowaç alsyn!
Eneş GURBANGELDIÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Teswirler