Türkmen halky, adamzat älemine özüniň kämil derejede kemala getiren ençeme gymmatlyklaryny sowgat berdi. Muňa mysal hökmünde türkmen atyny, alabaý itini, nepis halysyny, dutaryny, zergärleriň ýasan şaý-seplerini we ençeme beýleki zatlary bellemek bolar.
Behişdi bedewler taryhy gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Müňýyllyklaryň dowamynda türkmen seýisleri gözelligi we ajaýyplylygy boýunça deňi-taýy bolmadyk täsin bedewleri mähir bilen ösdürip ýetişdirdiler hem-de kemala getirdiler. Ady rowaýata öwrülen ahalteke bedewleri häzir hem türkmen halkynyň aýratyn buýsanjy we ylham joşguny, onuň milli baýlygy bolmagynda galýar.
Her ýyl aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň baýramy ahalteke bedewine bolan ählihalk söýgüsiniň nyşany bolup durýar. Ýola goýlan asylly däbe görä, bu nurana baýramyň öňýanynda ýurdumyzda tohum atlaryň arasynda gözellik bäsleşigi geçirilýär. Bu bolsa ajaýyp çapuw atlaryny kämilleşdirmäge ýardam edýär.
Golaýda, ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek üçin «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnama hödürlendi. Bu buýsandyryjy waka türkmen sungatynyň naýbaşy görnüşleriniň biri bolan Ahalteke atçylyk sungatyny we atlary bezemek däplerini dünýä tanatmakda şeýle-de ony gorap, aýap geljekki nesillere miras galdyrmakda ähmiýeti uludyr.
Amanmyrat ANNAMYRADOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Teswirler