OPEK: «Nebite bolan isleg ýokarlanar!»

Nebiti eksport ediji ýurtlaryň guramasy (OPEK) 2023-nji ýylyň dowamynda dünýäde nebite bolan islegiň ýokarlanýandygyny belledi. Bu çaklama şu ýylyň ýanwar aýynda bazardaky işjeňlige esaslandy.

«OPEK»-iň çaklamagyna görä, nebite bolan isleg 2023-nji ýylda günde 2,32 mln barrele çenli artyp, günde 101,87 mln barrele çykar. Muňa COVID-19 bilen bagly çäklendirmelerden soň, ykdysadyýetde işjeňligiň dikeldilmeginden soň Hytaýyň görkezijileriniň gowulanmagy sebäp bolup biler.

Bahalar boýunça çaklama «OilPrice»-yň hünärmenleri tarapyndan taýýarlanyldy. «OilPrice» nebit we gaz, alternatiw energetika we geosyýasat boýunça meşhur saýtlaryň biri. 2027-nji ýyl üçin nebitiň ortaça baha çaklamasy 90 dollar.

Çaklama energetika ulgamynda 1000 sany hünärmenden pikir soraşmagyň netijelerine esaslanýar. Brent nebitiniň bahasynyň çaklamalarynyň ählisiniň ortaça görkezijisi 87 dollara deň boldy. Şol bir watda pikir soraşylan hünärmenleriň ýarysy ortaça bahany 80-95 dollar aralygynda görýärler.

Belläp geçsek, nebite islegiň artmagyna dünýäde jahankeşdelik bazarynyň dikelmegi hem-de ulag işjeňliginiň ýokarlanmagy hem sebäp bolar.

Söýli ATAÝEWA,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Geologiýa fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok