Maglumat howpsuzlygy – bu maglumatlary ulanmak, saklamak we geçirmek üçin niýetlenen ulgamlaryň, tehnologiýalaryň we amallarynyň toplumydyr. Maglumat howpsuzlygynyň esasy maksady maglumatlary goramak, maglumatlaryň ýitmegine ýa-da birugsat üýtgedilmegine sebäp bolup biljek dürli ýagdaýlardan hem päsgelçiliklerden goramakdan ybaratdyr. Maglumat howpsuzlygy ýerine ýetirilýän her bir işiň dowamlylygyny üpjün etmäge ýardam edýär. Islendik ulgamda maglumat howpsuzlygyny berjaý etmek we üstünlikli ornaşdyrmak üçin şu ýörelgeler berjaý edilmeli:
Gizlinlik. Maglumatlar görnüşine garamazdan gizlinlikde saklanmalydyr. Bu ýagdaý maglumatlaryň aýan edilmeginiň öňüni almak üçin ýeterlik derejede howpsuzlyk derejesini üpjün etmekde gözegçiligi girizmekligi aňladýar.
Elýeterlilik. Degişli ygtyýarly adamlaryň maglumatlar bilen üpjün etmegiň elýeterliligi aňladýar. Zerur bolan ýagdaýynda maglumatlara girmek üçin tor gurşawy degişli tertipde alnyp barylmaly.
Bitewilik. Maglumatlaryň içerki we daşarky yzygiderliligini üpjün etmek bilen bagly dolandyryşlary we amallary üpjün edýär. Şeýle-de ol maglumatlaryň üýtgedilmezligini hem üpjün edýär.
Degişli howpsuzlyk gözegçiliginiň aşakdaky ýaly görnüşleri bar:
Dolandyryş. Dolandyryş görnüşi ýörite tassyklanan ýörelgelerden durýar. Döwlet edaralary tarapyndan döredilen kanunlar we düzgünler dolandyryş gözegçiligiň bir görnüşidir. Oňa dürli howpsuzlyk çäreleri, parollar we düzgün-nyzam çäreleri degişlidir.
Logiki. Logiki gözegçilikler maglumat ulgamlaryna, programma üpjünçiligine, parollara we maglumat ulgamlaryna giriş gözegçiligini goramaga esas döredýär.
Fiziki. Bu iş ýerleriniň gurşawyna we degişli desgalara gözegçilik etmekdir.
Maglumat goramagyň görnüşleri: kompýuter wiruslaryna garşy göreşýän we ýokaşan faýllary täzeleýän Antivirus programmalary, bulut antiwirus programma üpjünçiligi bolan Panda Cloud Antivirus, Crowdstrike we Immunet, umumy ulgamyň içinde maglumat geçirmek we almak üçin hususy ulgamy kesgitlemäge we ulanmaga mümkinçilik berýän VPN (Virtual Private Network), iki enjamyň arasynda baglanyşyk bolan belli bir kompýuter ýa-da kompýuter programmasy bolan Proxy-server, maglumatlaryň syzmagynyň öňüni alýan DLP (Data Leak Prevention), gorag diwarlary we ş.m.
Gülaýym ALLANAZAROWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Teswirler