ÝUNESKO bilen gatnaşyklar işjeňleşýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan üstünlikli döwlet syýasatynyň esasynda halkymyzyň taryhy-medeni gymmatlyklaryny giňden öwrenmek, ylym-bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek, halkara guramalary, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy — ÝUNESKO bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmek babatynda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Muňa mysal edip Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Medeni miras: geçmişden geljege» ÝUNESKO kafedrasynyň açylmagyny uly buýsanç bilen bellemek bolar.

Belläp geçsek, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO kafedralaryny döretmek başlangyjy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidir.

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde täze döredilen ÝUNESKO kafedralarynyň işi talyplaryň gözýetimini giňeltmäge, daşary ýurt dillerini öwrenmek tejribesini kämilleşdirmäge ýardam berýär. Bu klublarda ýaşlar barada döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça işler utgaşdyrylýar. Tassyklanan iş meýilnamalaryna laýyklykda, okuw sapaklary, ylmy maslahatlar geçirilýär, bäsleşikler hem-de sergiler guralýar.

Orazmät REJEPOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok