Ýaşlar bilen öňe barýar Watanym!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ruhubelent ýaşlarymyzyň kalbynda besleýän ajaýyp arzuw-islegleriniň ählisi wysal bolup, maksatlary myrat tapýar. «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021—2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» hereket etmegi, «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlar baradaky aladanyň belent derejede durýandygyny ýene bir gezek aýdyňlygy bilen görkezýär.

Eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garalýan ýaşlar hakdaky alada berkarar Watanymyzda hemişe döwlet syýasatynyň esasy ugry hökmünde durmuşa geçirilip gelinýär. Hususan-da, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy ady bilen täzeçil işlere badalga beren täze döwrüň ilkinji pursatlaryndan başlap, ýaşlaryň ýaşaýyş-durmuş mümkinçiligini gowulandyrmaga gönükdirilen tutumlar wezipeleriň uly toplumyny öz içine alýar.

Täze döwrüň ilkinji pursatlaryndan başlap, ýaşlaryň ýaşaýyş-durmuş mümkinçiligini gowulandyrmaga gönükdirilen tutumlar wezipeleriň uly toplumyny öz içine alýar. Häzirki wagtda ýaşlara jemgyýetiň işjeň bölegi hökmünde garalýar. Olaryň iş, durmuş üpjünçiligi hemişe üns merkezinde saklanýar we döwletimiziň halk hojalygynyň dürli ugurlarynda ýaşlaryň ornuna ýokary baha berlip, olaryň öz mümkinçiliklerini açyp görkezmeklerine şertler döredilýär. Bu babatda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda geçirilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VIII gurultaýynda hem anyk wezipeler öňe sürüldi.

Berkarar döwletimizde ýaş nesillerimiziň döwrebap ylym-bilimli, edep-terbiýeli adamlar bolup ýetişmekleri ugrunda uly aladalary edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolup, ata Watanymyzy ösdürmekde alyp barýan döwletli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Agageldi DURDYÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň uly mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok