Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen milli medeni mirasy aýawly saklamaga we öwrenmäge, türkmen halkynyň dünýä medeniýetiniň kemala gelmegine goşandyny wagyz etmäge aýratyn uly üns berilýär.
Hormatly Prezidentimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen däp bolan gatnaşyklary yzygiderli ösdürmegiň ähmiýetini hemişe nygtaýar. Şu jähtden hem ýurdumyzda gurama bilen medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny işläp taýýarlamaga gönükdirilen dürli çäreler durmuşa geçirilýär.
2020-nji ýylda ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň milli toparynyň döredilmegi BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça düzümi bilen özara gatnaşyklarda möhüm ädim boldy. Häzirki wagtda bu ugurdaky işler «Ýol kartasynda» beýan edilen ýörelgeler hem-de çäreler bilen sazlaşykly alnyp barylýar.
Berkarar döwletimizde ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawynyň gerimini giňeltmek boýunça işler işjeň dowam etdirilýär. Arkadagly Serdarymyzyň başlangyjy boýunça bu sanawa türkmen däp-dessurlary hem hödürlenilýär. Şolaryň hatarynda asyrlaryň dowamynda baý tejribe toplan täsin milli mekdepler bar. Olar ahalteke atçylygy we alabaý tohum itlerini köpeltmek bilen baglanyşyklydyr. Dutar özüne bu saz guralyny taýýarlamak, ýerine ýetirijilik we bagşyçylyk sungatyny birleşdirýär.
Soňky ýyllarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny pugtalandyrmak boýunça uly işler geçirildi. Munuň sakasynda bolsa Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň durmuşa geçirýän bimöçber aladalary ýatyr.
Eziz AGAJANOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.
Teswirler