Zenanlaryň oýlap tapyşlary

Ulagyň aýna süpürgiji ulaglar ýaňy peýda bolup ugranda oýlanyp tapylypdyr. 1903-nji ýylda ABŞ-ly Meri Anderson bu enjam üçin patent alýar.

Meri 1902-nji ýylyň gyşynda Nýu- -Ýorka sapar edip ýörkä, ýagynly günde tramwaýa münýär. Şonda ol gar gatyşykly ýagyş sebäpli, sürüjiniň uly güzap çekýändigine göz ýetirýär. Ýaşaýan ýeri bolan Alabama ştatyna gelenden soňra bolsa, inženerler bilen bilelikde ýagyşly howada maşynyň öňki aýnasyny arassalaýan enjamy işläp taýýarlaýar.

Elbetde, ozal hem şeýleräk enjam bar ekeni. Ýöne Meri Andersonyň oýlap tapan enjamy ulagyň içinden el bilen dolandyrmaga mümkinçilik berýändigi sebäpli has amatly hasaplanylypdyr.

* * *

Akwariuma, ýagny kiçijik balyjaklaryň we beýleki käbir deňiz jandarlarynyň saklanýan aýna daşly gapyrjaga häzirki wagtda islendik ýerde diýen ýaly duş gelmek bolýar. Aslynda, akwarium deňiz jandarlarynyň saklanmagy üçin däl-de, suwda ýaşaýan jandarlary ýakyndan öwrenmek maksady bilen döredilendir.

Aýna daşly gapyrjagy fransuz tebigaty öwrenijisi Žanna Wilprýo-Pauer 1832-nji ýylda oýlap tapýar. Ol ylmy işini dowam etdirmek üçin akwariumda dürli deňiz jandarlaryny saklapdyr.

Soňlugy bilen akwariumlar deňiz jandarlaryny synlamak üçin peýdalanylyp başlanypdyr. Häzirki wagtda bolsa has uly deňiz jandarlarynyň saklanýan akwariumlary hem bolup, olar okeanarium diýlip atlandyrylýar. Dünýädäki iň uly okeanarium ABŞ-nyň Jorjiýa ştatynyň Atlanta şäherinde ýerleşip, onda deňiz jandarlarynyň 100 müňden gowragy bar.

Aýmyrat ÇAŞDYÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok